98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi yglan edildi. Ony ýene Konan O’Braýen alyp barar

  • 19.03.2025 12:28
  • 3.2k+

2026-njy ýylda indiki, hasap boýunça 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasyny ýene-de komik Konan O’Braýen alyp barar. Amerikan kinoakademiýasy çäräniň 15-nji martda Los-Anjelesdäki “Dolbi” teatrynda geçiriljekdigini yglan etdi diýip, Variety habar berýär.

O’Braýen özüniň gatnaşjakdygyny degişme bilen tassyklady.

“Meniň geljek ýyl “Oskary” alyp barmagymyň ýeke-täk sebäbi, men Edrien Brodiniň öz çykyşyny tamamlaýşyny eşitmek isleýärin” – diýip, komik aýtdy. Geçenki dabarada “Brutalist” filmi üçin “Iň gowy aktýor” nominasiýasynda ýeňiş gazanan Brodiniň çykyşy dabaranyň taryhynda iň uzak dowam eden çykyş bolupdy.

“Konan ajaýyp alypbaryjy boldy – ol agşamy degişme, mähir we hormat bilen alyp bardy. Biz onuň bilen ýene işleşmäge şat” – diýip, guramaçylar aýtdy.

97-nji “Oskar” dabarasy 19,69 mln tomaşaçyny ekrana çekdi – bu soňky bäş ýylda rekord. Sosial ulgamlarda dabara 104,2 mln gezek ýatlanyp, “Gremmiden” we Superkubokdan öňe geçdi.
Geçen “Oskaryň” esasy baýrak eýesi bolsa Şon Beýkeriň “Anora” dramasy boldy. Film bäş heýkel aldy.


şu gün 12:00
447

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
672

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......