Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar

  • 19.06.2025 10:00
  • 2.8k+

Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar.

62 ýaşly aktýor “kinematografiýa jemgyýetine bolan ygrarlylygy”, şol sanda filmleri kinoteatrlarda görmäge çagyryşlary üçin sylaglanar. Akademiýanyň beýanynda Kruzyň özüniň töwekgelçilikli hereketleri we kaskadýorlary goldamagy bilen pudakdaky kärdeşlerini höweslendirýändigi bellenilýär.

“Tom Kruzyň kinematografiýa jemgyýetimize, teatr tejribesine we kaskadýorlar jemgyýetine bolan ygrarlylygy ählimizi ruhlandyrdy” – diýlip, Kinoakademiýanyň habarynda aýdylýar.

Hormat heýkeliniň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 16-njy martynda Los-Anjelesde geçiriler. 


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....