Edrian Broudi iň gowy erkek keşbi üçin karýerasyndaky ikinji «Oskar» baýragyny aldy

  • 03.03.2025 13:52
  • 4.4k+

«Brutalist» (Бруталист) dramasynyň baş keşbini ýerine ýetiren meşhur aktýor Edrian Broudi iň gowy erkek keşbi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasynyň 97-nji baýrak gowşurylyş dabarasy Los-Anjelesde geçirildi.

Režissýor Bredi Korbetiň filmi wenger arhitektory Laslo Totuň durmuşyna esaslanýar. Ol 1947-nji ýylda aýaly bilen bilelikde Ýewropadan ABŞ-a göçýär. Köp wagt geçmänkä, ol uly bir taslamanyň üstünde işlemek üçin tabşyryk alýar. Emma ony uly üstünliklere eltjek bu taslama, şol bir wagtda, ondan agyr ýitgileri hem talap edýär.
Edrian Broudi üçin bu ikinji «Oskar» baýragy bolup durýar. Ilkinji gezek ol 2003-nji ýylda Roman Polanskiniň «Pianist» (Пианист) filmindäki keşbi üçin bu abraýly baýraga mynasyp bolupdy.
Şu ýylyň «Iň gowy erkek keşbi» nominasiýasyna dalaşgärleriň arasynda Timoti Şalame («Düýbünden nätanyş» / Боб Дилан: Никому не известный), Kolman Domingo («Sing-Sing» / Синг-Синг), Reýf Faýns («Konklaw» / Конклав) we Sebastian Sten («Şägirt: Trampyň ýokary göterilmegi» / Ученик. Восхождение Трампа) ýaly aktýorlar hem bardy.
«Iň gowy zenan keşbi» baýragyna bolsa 25 ýaşly aktrisa Maýki Medison mynasyp boldy. Ol bu baýragy Şon Beýkeriň «Anora» (Анора) dramasyndaky baş keşbi üçin aldy.
Bu nominasiýanyň ugrunda bäsleşen beýleki dalaşgärleriň arasynda Demi Mur («Substansiýa» / Субстанция), Fernanda Torres («Men henizem bärde» / Я все еще здесь), Karla Sofiýa Gaskon («Emiliýa Peres» / Эмилия Перес) we Sintia Eriwo («Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki» / лая: Сказка о ведьме Запада) hem bardy.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....