“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

  • 28.03.2026 15:27
  • 3.2k+

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar berdi.

Bu çäre “Dolbi” teatryndan Peacock Theater-niň zalyna geçiriler. Dabarany on ýyllap şol ýerde geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýaýlyma berliş formaty hem üýtgär: dabara ABC teleýaýlymynyň ýerine YouTube-da wideohostinginde görkezilip başlanar. Bu üýtgeşmeler 2029-njy ýylda güýje girer.

Täze meýdança düýpli täzelener. Zalyň sahnasy, ses we yşyklandyryş enjamlary täzelener, şeýle hem foýesi we sahnanyň aňyrsyndaky otaglary, şeýle hem beýleki möhüm zolaklary döwrebaplaşdyrylar.

“L.A. Live medeniýeti kesgitleýän çäreleri geçirmek üçin döredildi we “Oskaryň” gowşurylyş dabarasyndan möhüm dünýä sahnasy ýok. Biz dabaranyň formatyny we atmosferasyny täzeden göz öňüne getirmek üçin Akademiýa bilen hyzmatdaşlyk edýändigimize buýsanýarys” - diýip, AEG-niň girdejiler boýunça baş direktory Todd Goldstaýn aýtdy.


şu gün 00:57
768

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......