Skarlett Ýohansson, Halle Berri we El Fenning «Oskar-2025-iň» alyp baryjylarynyň sanawyna goşuldy

  • 13.02.2025 14:40
  • 4.4k+

ABŞ-nyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy (AMPAS) «Oskar» baýragynyň 97-nji gowşurylyş dabarasynda baýraklary gowşurjak artistleri yglan etdi diýip, Variety neşiri habar berýär.

Baýraklary ýeňijilere Halle Berri, Penelopa Krus, El Fenning, Wupi Goldberg, Skarlett Ýohansson, Jon Litgou, Emi Poler, Jun Skuibb we Bouen Ýang dagy gowşurar. Olar geçen ýylky «Oskar» ýeňijileri bolan Emma Stoun, Killian Merfi, Dawaýn Joý Rendolf we Robert Dauni-kiçi dagylar bilen bilelikde dabarada çykyş ederler.
Emma Stoun – Ýorgos Lantimosyň «Betbagt biçäreler» (Бедные-несчастные) filmindäki Bella Baksteriň keşbi üçin iň gowy aktrisa, Killian Merfi bolsa – Kristofer Nolanyň biografiki filmindäki J. Robert Oppengeýmeriň keşbi üçin iň gowy aktýor diýlip saýlanypdy. Dawaýn Joý Rendolf – Aleksandr Peýniň «Galdyrylanlar» (Оставленные) filmindäki Meri Lembiň keşbi üçin iň gowy kömekçi aktrisa, Robert Dauni-kiçi bolsa – «Oppengeýmer» filmindäki Lýuis Ştrausyň keşbi üçin iň gowy kömekçi aktýor baýragyna mynasyp bolupdy.
«Oskar» baýragynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy 3-nji marta geçilýän gije Los-Anjelesde geçiriler. Dabarany şoumen Konan O’Braýen alyp barar.
Şu ýylyň esasy nominasiýalardaky dalaşgärleri bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.


şu gün 12:00
487

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
706

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......