“Oskar” baýragyna dalaşgärleriň her biri 216 müň dollarlyk sowgat alar

  • 03.03.2025 13:08
  • 2.4k+

Distinctive Assets kompaniýasy “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň her biri üçin 216 müň dollarlyk sowgat taýýarlady. Sowgatlyk toplumlarynyň umumy bahasy 5,4 mln dollardan geçdi, bu geçen ýylky bilen deňeşdirilende ($180 müň) ep-esli köpdür diýip, El País habar berýär.

Kompaniýa dalaşgärlere gymmatly sowgatlary eýýäm 23 ýyl bäri berýär.
Şu ýyl sowgatlary 25 dalaşgär alar: iň gowy erkek we zenan keşpleri üçin aktýorlara 10 we ikinji plandaky keşpler üçin 10 sowgat. Şeýle-de, iň gowy režissýorlar üçin bäş sowgatlyk toplumy bar. Baýragyň ýeňijileri ýokary derejeli brendlerden lýuks kosmetika, atyr, çakyr we sowuk nahar, şeýle-de saçak üçin tagtalary, elde ýasalan şemdanlary, ýassyk, itler üçin eşik, köwüş üçin deri torbalaryny alar. Ýöne esasy baýrak Barselonanyň, Maldiwleriň we Şri-Lankanyň myhmanhanalaryna gezelençdir.


Heýkeli alyp bilmedik dalaşgärler hem ünssüz galmaz. Olar üçin hem ýörite baýrak berler. Ýöne bu barada anyk maglumat berilmeýär.
Şeýle-de, baýragyň guramaçylary mukdaryň bir bölegini Los-Anjelesdäki ýangynlar sebäpli zeper ýeten jaýlary abatlaýyş we gurmak hyzmatlary hem-de ätiýaçlandyryş üçin sarp etdi.
Mysal üçin, Bright Harbor kompaniýasy her bir dalaşgär üçin 39 müň dollardan gowrak pul berýär. Bu mukdara heläkçiligi başdan geçirenler üçin abatlaýyş işinde kömek etmekden başlap, ipotekany dolandyryşa we  psihologiki goldawy bermäge çenli meýilnamalary işläp düzmek girýär. Kompaniýa 25 dalaşgäriň her birine beýleki ejir çekenlere kömek edip biler ýaly hersi 3,5 müň dollarlyk 10 wauçer hem berýär.
Sowgatlyk toplumlary “Oskar” baýragynyň özi bilen baglanyşykly däl we dabaradan soň berilýär.
“Oskar” baýragynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy Los-Anjelesde geçirildi. Ýylyň iň gowy filmi režissýor Şon Beýkeriň “Anora” dramasy boldy. Film bäş nominasiýada ýeňiş gazandy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....