2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy YouTube-da ýaýlyma berler

  • 19.12.2025 15:28
  • 4.4k+

YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi.

Ylalaşygyň şertlerine görä, YouTube dabaranyň özüniň, gyzyl ýodadan reportažlaryň, perde aňyrsyndaky kontentiň, şeýle-de Gubernatorlyk balynyň global derejede görkezilmegini üpjün eder. Ýaýlym bütin dünýä boýunça ulanyjylara we ABŞ-nyň çäginde YouTube TV-niň agzalaryna mugt elýeterli bolar.
Soňky 50 ýyl bäri dabarany görkezmek hukugyna The Walt Disney Company kompaniýasyna degişli bolan ABC teleýaýlym ulgamy eýeçilik edýär. 2028-nji ýylda şanly 100-nji dabara Disney bilen häzirki şertnamanyň çäklerinde ýaýlyma berilýän soňky çäre bolar.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....