“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

  • 25.04.2025 11:49
  • 2.6k+

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär.

Akademiýanyň resmi beýanynda şeýle diýilýär: “Generatiw emeli aň we beýleki sanly gurallar dalaşgär bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrmaýar we peseltmeýär. Bu ýerde adamyň döredijilik işine nähili goşant goşandygy esasy ähmiýete eýedir”.
Ilkibaşda Akademiýa EA-nyň ulanylyşy barada jikme-jik maglumat berilmegini isläpdi, ýöne ahyrynda talaplary gowşatmak kararyna geldi.
Bu çözgüt geçen ýyl kinoda tehnologiýalaryň gözegçiliksiz ulanylmagyna garşy çykyş eden ssenariçileriň we aktýorlaryň nägileliklerine jogap boldy.
Mundan başga-da, Akademiýa täze düzgünleri girizdi: emin agzalary diňe kategoriýadaky ähli filmlere tomaşa edenlerinden soň, finalda ses berip biler. Ýöne The New York Times gatnaşyjylaryň goşmaça subutnamasyz diňe tomaşa edendigini tassyklamagynyň ýeterlikdigini belleýär.
Bilermenleriň pikiriçe, bu üýtgeşmeler Akademiýanyň kino pudagynda tehnologiýalaryň ösüşine uýgunlaşmak synanyşygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, filmleri döretmekde esasy rol adama galmaly. 


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....