Ne Di Kaprio, ne-de Şalame: iň gowy erkek keşbi üçin «Oskar» baýragyny kim aldy?

  • 16.03.2026 10:38
  • 4.1k+

Maýkl B. Jordon režissýor Raýan Kugleriň «Günäliler» (Грешники) filmindäki keşbi üçin «Iň gowy erkek keşbi» kategoriýasynda «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Ýeňiji Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýragynyň 98-nji gowşurylyş dabarasynda yglan edildi. Çäre 16-njy martda ir säher bilen (Aşgabat wagty boýunça) Los-Anjelesde geçirildi.

Aktýor bu baýraga ilkinji gezek dalaşgar görkezildi. Ol bu ugurda Leonardo Di Kaprio («Bir söweşden soň beýleki»), Timoti Şalame («Marti Beýik»), Itan Houk («Mawy aý») we Wagner Moura («Gizlin agent») ýaly ussat kärdeşlerinden üstün çykdy.

«Günäliler» — bu «Krid» we «Gara babyr» filmleriniň awtory Raýan Kugleriň horror filmidir. Bu film şu ýyl «Oskar» baýragynyň 16 nominasiýasynda hödürlenip, bir doly metražly film üçin dalaşgärlikleriň sany boýunça rekord goýdy.

Filmiň wakalary 1932-nji ýylda ABŞ-nyň Missisipi ştatynda bolup geçýär. Uruşdan dolanyp gelen ekiz doganlar bar açmagy we zehinli sazanda mümkinçilik bermegi ýüregine düwýär. Emma syrly bir wampiriň peýda bolmagy olaryň meýilnamalaryny bozýar. Maýkl B. Jordon bu filmde birbada iki keşbi — doganlar Smok we Stegiň (Kül we Tüsse) keşplerini ýerine ýetirdi.

«Iň gowy ikinji derejeli erkek keşbi» ugrundaky «Oskar» baýragyny bolsa «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmindäki keşbi üçin Şon Penn aldy. Aktýoryň özi dabara gatnaşmady.

Bu baýrak Şon Penniň karýerasynda üçünji «Oskary» boldy. Mundan ozal ol «Syrly derýa» (2004) we «Harwi Milk» (2009) filmlerinde iň gowy erkek keşbi üçin baýrak alypdy. Indi ol Deniel Deý-Lýuis, Jek Nikolson we Wolter Brennan ýaly Amerikan kinoakademiýasynyň üç baýragyny alan az sanly aktýorlaryň hataryna girdi.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....