“Oskar” baýragynyň eýesi Keýt Blanşett kinodan gitmegi meýilleşdirýär

  • 15.04.2025 22:31
  • 3.6k+

Iki gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Keýt Blanşett durmuşynyň başga bir taraplaryna ünsi jemlemek üçin aktýorlyk karýerasyny tamamlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Radio Times bilen söhbetdeşlikde 55 ýaşly awstraliýaly aktrisa, hakykatdanam, üýtgeşme isleýändigini habar berdi.

“Meniň maşgalam her gezek bu barada aýdanymda gözlerini tegeleýär, ýöne bu hakykat: aktýorlyk karýeramy bes etmek isleýärin. Meniň şahsy durmuşymda meşgullanjak zatlarym köp” – diýip, Blanşett belledi.

Aktrisa üns merkezinde özüni oňaýsyz duýýandygyny we jemgyýetçilik durmuşyndan çetde galmagy makul bilýändigini aýtdy.
2025-nji ýylyň ýazynda Blanşett Londonyň Barbican teatrynda “Çarlak” sahnalaşdyrmasynda Arkadinanyň roluny ýerine ýetirdi. Şeýle-de, ol režissýor Stiwen Soderbergiň “Gara halta” trillerine gatnaşdy. Ýylyň ahyryna çenli onuň gatnaşmagynda Jim Jarmuşyň “Kaka, eje, uýa, aga” maşgala dramasynyň çykmagyna garaşylýar.
30 ýyldan gowrak dowam eden karýerasynyň dowamynda Blanşett dürli keşpler bilen tanaldy. “Ýelizaweta” filminde (1998) şa aýaly Ýelizaweta I-iň keşbi onuň üstünligi boldy, munuň üçin ol “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Ol “Awiatorda” (2004) Ketrin Hepbýornyň keşbi üçin “Ikinji plandaky iň gowy aktrisa” we “Jasmin” dramasy (2013) üçin “Iň gowy aktrisa” hökmünde bu baýraga mynasyp boldy. Umuman alanyňda, Blanşett “Oskar” baýragyna sekiz gezek dalaşgär görkezildi.
Onuň belli işleriniň arasynda “Ýüzükleriň hökümdary” (Властелин колец) trilogiýasyndaky, “Kerol” (Кэрол), “Men ol ýerde” (Я там), “Tar” (Тар) filmlerindäki we “Hanym Amerika” (Миссис Америка) serialyndaky keşpleri bar. Şeýle-de, ol teatrda işjeň işledi we adamsy, dramaturg Endrýu Apton bilen bilelikde Sidneý teatr jemgyýetiniň çeper ýolbaşçysy boldy. 


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....