Latwiýanyň «Akym» multfilmi «Oskar» aldy. Ol «Ýabany robotdan» we «Tapmaça 2-den» geçdi

  • 03.03.2025 13:40
  • 3.3k+

Latwiýanyň «Akym» (Поток) atly multfilmi «Iň gowy animasion film» nominasiýasy boýunça «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Režissýor Gint Zilbalodisiň döreden eseri Latwiýanyň kino taryhynda Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy tarapyndan sylaglanan, ýagny «Oskar» baýragyny gazanan ilkinji film boldy.

Ýeňiş köp adam üçin garaşylmadyk boldy. Sebäbi bu kategoriýanyň ugrunda «Ýabany robot» (Дикий робот), «Tapmaça 2» (Головоломка 2), «Ulitkanyň memuarlary» (Мемуары улитки) we «Uolles we Gromit: Iň ýowuz ar» (Уоллес и Громмит: птичья месть) ýaly güýçli multifilmler hem bäsleşýärdi.
Şeýle-de «Akym» multifilmi «Iň gowy halkara film» diýen kategoriýada hem dalaşgär edilip görkezilip, «Men henizem bärde» (Я все еще здесь), «Iňňeli gyz» (Девушка с иглой), «Emiliýa Peres» (Эмилия Перес) we «Mukaddes injiriň tohumy» (Семя священного инжира) ýaly filmler bilen bäsleşdi. Bu nominasiýada bolsa, «Men henizem bärde» atly film ýeňiji boldy.
«Akym» doly metražly animasion filmi açyk kodly «Blender» atly 3D kompýuter grafika programmasynda döredildi. Režissýor Zilbalodis ony dört ýarym ýylyň dowamynda işläp taýýarlady. Filmiň sýužeti suw joşgunlarynyň bolan döwründe diri galmaga çalyşýan pişik hakda gürrüň berýär. Bu filmde hiç hili gepleşik (dialog) ýok.
«Akym» eýýämden birnäçe baýraklara, şol sanda «Altyn globus» baýragyna-da mynasyp bolupdy. Bu sylag hem Latwiýanyň kino taryhynda ilkinji gezek gowşurylypdy.


düýn 10:41
1.6k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....