«Oskar-2025» baýragynyň ähli ýeňijileri yglan edildi

  • 03.03.2025 14:09
  • 4.2k+

Los-Anjelesde Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasynyň 97-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň jemlerine görä, ähli nominasiýalaryň ýeňijileri belli boldy.

Öň habar berşimiz ýaly, şu ýylky «Oskar» baýragynyň esasy ýeňijisi amerikan režissýory Şon Beýkeriň «Anora» (Анора) atly dramasy boldy. Bu film dalaşgär edilip görkezilen kategoriýalarynyň aglabasynda ýeňiji boldy: «Iň gowy film», «Iň gowy original ssenariý», «Iň gowy montaž», «Iň gowy režissýor» we «Iň gowy zenan keşbi» (Maýki Medison).
«Iň gowy erkek keşbi» baýragyna bolsa, «Brutalist» (Бруталист) filmindäki keşbi üçin Edrien Broudi mynasyp boldy. Bu baýrak onuň karýerasyndaky ikinji «Oskary» bolup durýar.
Beýleki nominasiýalaryň ýeňijileri bolsa aşakdaky ýaly boldy:

  • Iň gowy kömekçi zenan keşbi – Zoi Saldana («Emiliýa Peres» / Эмилия Перес);
  • Iň gowy kömekçi erkek keşbi – Kiran Kalkin («Hakyky agyry» / Настоящая боль);
  • Iň gowy ses – «Dýuna: Bölüm 2» / Дюна: Часть вторая (Deni Wilnýow);
  • Iň gowy wizual effektler – «Dýuna: Bölüm 2»;
  • Iň gowy doly metražly animasion film – «Akym» / Поток (latwiýaly režissýor Gint Zilbalodis);
  • Iň gowy gysga metražly animasion film – «Kiparisiň kölegesinde» / В тени кипариса (eýranly režissýorlar Şirin Sohani we Hosseýn Molaemi);
  • Iň gowy halkara film – «Men henizem bärde» / Я все еще здесь (braziliýaly režissýor Walter Salles);
  • Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariý – «Konklaw» / Конклав (režissýor Edward Berger, ssenarist Piter Stroan);
  • Iň gowy operator işi – «Brutalist» / Бруталист (Bredi Korbet);
  • Iň gowy eşik dizaýny – «Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki» / Злая: Сказка о ведьме Запада (Jon Çu);
  • Iň gowy grim we saç bezegi – «Substansiýa» / Субстанция (režissýor Korali Farži);
  • Iň gowy sahna bezegi işi – «Zalym: Günbataryň jadygöýi barada erteki»;
  • Iň gowy saundtrek – «Brutalist» (kompozitor Deniel Blumberg);
  • Iň gowy original aýdym – El Mal («Emiliýa Peres»);
  • Iň gowy gysga metražly dokumental film – «Orkestrdäki ýeke-täk gyz» (1960-njy ýylda Nýu-Ýork filarmoniýasyndaky kontrabasçy hakda, Molli O’Braýan we Liza Remington);
  • Iň gowy dokumental film – «Başga ýer ýok» / (Palestina-Norwegiýa, režissýorlar Bazel Adra, Reýçel Sor, Hamdan Balal we Ýuwal Abraham);
  • Iň gowy gysga metražly film – «Men robot däl» / Я не робот (Niderlandlar Patyşalygy, CAPTCHA synaglaryny geçmegiň kynçylyklary hakda, režissýor Wiktoriýa Warmerdam).

















şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....