Edrien Broudiniň çykyşy «Oskaryň» taryhyndaky iň uzak çykyş boldy

  • 04.03.2025 23:05
  • 5.8k+

Amerikaly aktýor Edrien Broudi «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň taryhyndaky iň uzak dowam eden minnetdarlyk çykyşyny etdi. Onuň çykyşynyň dowamlylygy 5 minut 40 sekunt boldy diýip, «NBC News» neşiri habar berýär.

Mundan ozal bu rekord, 1943-nji ýylda «Missis Miniwer» filmindäki keşbi üçin sylaglanan britan aktrisasy Grir Garsona degişlidi. Ol şol dabarada 5 minut 30 sekuntlap çykyş edipdi. Şol döwürde dabaralar telewideniýede göni ýaýlyma berilmeýändigi sebäpli, ýeňijileriň sözlerine wagt çägi goýulmandy. Häzirki wagtda bolsa, düzgünler minnetdarlyk çykyşyna, takmynan, 45 sekunt wagt berýär.
Broudi 2003-nji ýylda hem bu çägi bozupdy. Şol wagt ol «Pianist» filmindäki keşbi üçin ilkinji «Oskaryny» alanda, çykyşynyň dowamlylygy 4 minutdan gowrak bolupdy. Şu ýyl hem ol «Brutalist» filminde ýerine ýetiren keşbi üçin sylaglananda, ýene-de bellenen wagt çäginden çykdy.
Aktýor Hudaýa «mübärek ömür» üçin minnetdarlyk bildirip, aktýorlyk käriniň näzikdigini belläp geçdi.

«Bu ýere gaýdyp gelmek bagtyna eýe bolmak bilen, men dünýägaraýşymy biraz giňeltdim. Karýerada nirede dursagam, näme gazansagam, bularyň hemmesi birden ýitip ýok ýolup biler. Meniň pikirimçe, şu agşamy aýratyn edýän zat, şu hakykata düşünmek we henizem öz söýýän işimi edip bilýänime şükür etmekdir» — diýip, ol aýtdy.

Ol alan baýragyny «täzeden başlamaga mümkinçilik we indiki 20 ýylda ýeterlik derejede bagtly bolup, şeýle uly, möhüm we ähmiýetli keşplere mynasypdygymy subut etmek üçin mümkinçilik» diýip atlandyrdy.
Dabaranyň guramaçylary çykyşyny jemletmek üçin saz goýberende, Broudi gitmekden ýüz öwürdi.

«Tamamlap gelýän. Tamamlajak. Haýyş, sazy öçüriň. Men muny öňem edipdim» — diýip, ol aýtdy. Soňra ol «hormat, rehimdarlyk we ajaýyp ruh üçin», şeýle-de «bu düýşüň yzyndan gitmek güýji» üçin ene-atasyna sagbolsun aýtdy.
«Uruşlaryň uzak wagtlap galdyrýan ýaralaryny we täsirlerini, ulgamlaýyn basyşlary, antisemitizmi we jynsparazlygy beýan etmek üçin men ýene bärde. Men has sagdyn, bagtly we hasam açyk dünýäniň geljegi üçin doga edýän. Eger geçmiş bize bir zat öwredip bilýän bolsa, bulam biziň ýigrenje göz ýummaly däldigimiz baradaky ýatlatmadyr» — diýip, Broudi aýtdy.

Şondan soň Dolby teatrynda gaýtadan saz goýberildi. Aktýor bu gezek gulak asyp, çykyşyny tamamlady.

«Bolýa, gidýän. Men sizi söýýän. Hemmäňize minnetdar. Dogry zat üçin göreşmäge dowam edeliň. Gülmäge dowam edeliň, birek-biregimizi söýmäge dowam edeliň. Geliň, bilelikde güýçleneliň. Sag boluň» — diýip, ol çykyşyny jemledi.

«Deadline» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, käbir taryhçylar Grir Garsonyň çykyşynyň aslynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen wagtdan has uzak bolandygyny çaklaýarlar. Onuň çykyşynyň doly wideo ýa-da audio ýazgysy saklanyp galmandyr, ýöne käbir hünärmenler aktrisanyň takmynan 7 minut çykyş edendigini aýdýarlar.
Şu ýylky dabarany 18,07 million tomaşaçy gördi, bu görkeziji 2024-nji ýylda rekord bolan 19,5 million tomaşaçydan yza galdy.
Şu ýyl «Iň gowy film» nominasiýasynyň ýeňijisi Şon Beýkeriň «Anora» atly filmi boldy. Bu film jemi bäş baýrak aldy.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....