Драма «Анора» стала главным триумфатором «Оскара» в этом году. У фильма 5 наград

  • 03.03.2025 12:50
  • 3k+

Los-Anjelesde «Oskar» baýraklarynyň 97-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Agşamyň esasy ýeňijisi «Anora» (Анора) filminiň režissýory Şon Beýker boldy. Ol dört sany şahsy baýrak aldy – iň gowy ssenariý, montaž, režissýor we iň gowy film üçin. Mundan öň, bir gowşurylyşyň dowamynda şeýle köp şahsy baýragy 1954-nji ýylda Uolt Disneý we 2020-nji ýylda «Mugthorlar» (Паразиты) filminiň režissýory Pon Jun Ho alypdy.


Filmiň bäşinji baýragyny baş keşbi ýerine ýetiren aktrisa Maýki Medison aldy. Bu kategoriýada ýeňiji bolmagyna garaşylýan esasy dalaşgär «Substansiýa» (Субстанция) filmindäki keşbi üçin Demi Murdy.

Dabaranyň alyp baryjysy komik Konan O’Braýendi. Ol sahnada açylyş wideosyndan soň peýda boldy. Açylyş wideosynda Demi Muryň gahrymany özüne substansiýa sançýar, soň bolsa Konan O’Braýen onuň içinden çykýar. Alyp baryjy şol ýerde köwşüniň bir taýyny unudýar we ony almak üçin ýene-de içine girýär.

Şeýle hem dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birinde, sahnada iki gezek «Dýuna» (Дюна) filmindäki äpet gum gurçugy (uly gurçuk keşbinde geýnen adam) peýda boldy. Ol ilki pianinoda, soň bolsa arfada saz çaldy. Şeýle-de Ben Stiller we Adam Sandler hem şouda çykyş etdiler.

Dabarada ýanwar aýynda Los-Anjelesde bolup geçen tokaý ýangynlaryny söndürmäge gatnaşan ýangyn söndürijilere hormat goýlup ýatlanyldy. Şon Beýker çykyşlarynyň birinde režissýorlary we distribýutorlary kinoteatrlarda filmleriň görkezilşini goldamaga çagyrdy. Onuň bu çagyryşyny tomaşaçylar uly el çarpyşmalar bilen garşyladylar, şol sanda baýragy gowşurýan Kwentin Tarantino hem ony goldady.
Dabaranyň her ýyl geçirilýän «In Memoriam» bölümi, elbetde, aradan çykan kinematograf işgärlerine bagyşlandy. Şol pursatda režissýor Dewid Linç we aktýor Jin Hekmen hormat bilen ýatlanyp geçildi.


сегодня 11:31
257

Тарантино и певица Кайли Миноуг сыграют в одной картине

Американский режиссёр Квентин Тарантино снимется в новом фильме британского постановщика Джейми Адамса. В картине также сыграет австралийская певица Кайли Миноуг, сообщает Variety....

вчера 23:58
1.3k+

Illumination готовит новые части «Зверопоя» и «Тайной жизни домашних животных»

Студия Illumination запустила в разработку анимационные фильмы «Зверопой 3» и «Тайная жизнь домашних животных 3». Об этом сообщил глава компании Крис Меледандри в интервью изданию Collider....

вчера 21:03
12k+

Над лондонским Тауэром взлетел огромный дракон

Жителей и гостей Лондона удивили необычным зрелищем в преддверии долгожданной премьеры третьего сезона сериала «Дом Дракона» (House of the Dragon) от HBO. Над знаменитым Тауэром в воздух поднялся гигантский......

25.06.2026 14:57
1k+

Google впервые инвестирует в киноиндустрию и покупает долю в студии A24

Технологический гигант Google и знаменитая независимая киностудия A24 официально объявили о заключении соглашения о стратегическом партнерстве....