«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

  • 08.04.2026 21:26
  • 2k+

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi.

99-njy dabara 2027-nji ýylyň 14-nji martynda geçiriler. Ýubileý, ýagny 100-nji dabaraly çäre bolsa 2028-nji ýylyň 5-nji martyna meýilleşdirildi.

2029-njy ýyldan başlap, «Oskar» dabarasy Golliwuddaky meşhur «Dolby» kinoteatrynyň deregine Los-Anjelesdäki täze «Peacock Theatre» meýdançasyna göçer. Şeýle hem ýaýlyma berliş usuly üýtgediler — adaty teleýaýlymyň deregine YouTube arkaly göni ýaýlym ýola goýlar.

Martda geçen «Oskaryň» soňky gowşurylyş dabarasynda esasy ýeňiji Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy — ol iň gowy film, režissýorlyk, ssenariý we ikinji derejeli erkek keşbi (Şon Penn) ýaly ugurlar boýunça jemi alty sany heýkeli aldy. «Günäliler» we «Frankenşteýn» filmleri hem birnäçe baýraga mynasyp boldy.


düýn 20:25
7.7k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

düýn 16:55
5k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

27.06.2026 23:56
6.4k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.3k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......