«Bir söweşden soň beýleki» «Oskar — 2026» dabarasynda iň gowy film boldy

  • 16.03.2026 11:24
  • 4.4k+

Amerikan režissýory Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi 98-nji «Oskar» gowşurylyş dabarasynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Film «Iň gowy film» kategoriýasynda ýeňiji diýlip ykrar edildi. Amerikan kino sungaty we ylymlar akademiýasynyň baýrak gowşurylyş dabarasy 16-njy martda irden Los-Anjelesde geçirildi.

Filmde baş keşbi Leonardo Di Kaprio ýerine ýetirdi. Jemi 13 nominasiýada dalaşgär görkezilen bu film olaryň 6-synda ýeňiş gazandy.

Filmiň sýužeti Tomas Pinçonyň «Waýnlend» romanyna esaslanýar. Wakalar öňki radikal toparyň agzasy bolan we geçmişinden gaçyp, başga at bilen ýaşaýan Pet Kelhun barada gürrüň berýär.

«Bir söweşden soň beýleki» filmi baş baýrak ugrundaky bäsleşikde «Hamnet», «Bugoniýa», «Günäliler», «Otly düýşleri», «Sentimental gymmatlyk», «Marti Beýik», «Gizlin agent» ýaly filmlerden, şeýle hem «Formula-1» we «Frankenşteýn» ýaly blokbasterlerden öňe saýlandy.

Pol Tomas Anderson bu film üçin birbada iki sany «Oskar» — iň gowy režissýor we iň gowy adaptirlenen ssenariý üçin hem baýraklary aldy.

«K-pop arwah awçylary» (Кей-поп-охотницы на демонов) animasion filmi iki sany baýraga — iň gowy doly metražly animasiýa filmi we «Golden» aýdymy üçin baýraklara mynasyp boldy.

«Günäliler» (Грешники) filmi rekord 16 nominasiýada hödürlenen hem bolsa, jemi 4 sany baýrak aldy. Gilýermo del Toronyň «Frankenşteýni» egin-eşikler, grim we hudožnik-ýola goýujynyň işi üçin tapawutlandy.

Hloýa Çžaonyň «Hamnet» dramasy 8 nominasiýadan diňe birini alyp bildi. Norwegiýanyň «Sentimental gymmatlyk» (9 nominasiýa) filmi hem şeýle netije görkezdi. Dokuz ugurda dalaşgär bolan «Marti Beýik» filmi bolsa baýraksyz galdy.

«Oskar — 2026» baýragynyň esasy kategoriýalarynda ýeňijiler:

  • Iň gowy film — «Bir söweşden soň beýleki»
  • Iň gowy daşary ýurt çeper filmi — «Sentimental gymmatlyk»
  • Iň gowy doly metražly animasion film — «K-pop arwah awçylary»
  • Iň gowy gysga metražly animasion film — «Dür gözýaşly gyz»
  • Iň gowy dokumental film — «Jenap Hiç kim Putine garşy»
  • Iň gowy gysga metražly dokumental film — «Ähli boş otaglar»
  • Iň gowy režissýor — Pol Tomas Anderson («Bir söweşden soň beýleki»)
  • Iň gowy aktrisa — Jessi Bakli («Hamnet»)
  • Iň gowy aktýor — Maýkl B. Jordon («Günäliler»)
  • Iň gowy ikinji derejeli aktrisa — Emi Madigan («Ýaraglar»)
  • Iň gowy ikinji derejeli aktýor — Şon Penn («Bir söweşden soň beýleki»)
  • Iň gowy kasting — «Bir söweşden soň beýleki»
  • Iň gowy ses — «F1»
  • Iň gowy aýdym — «K-pop arwah awçylary»
  • Iň gowy montaž — «Bir söweşden soň beýleki»
  • Iň gowy operatorlyk işi — «Günäliler»
  • Iň gowy wizual effektler — «Awatar: Ot we kül»
  • Iň gowy egin-eşik dizaýny — «Frankenşteýn»
  • Iň gowy grim we saç bezegi — «Frankenşteýn»

şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....