«Oskar» baýragyna dalaşgärler yglan edildi: «Günäliler» filmi 16 baýrak üçin göreşer

  • 23.01.2026 10:03
  • 3.1k+

Los Anjelesde 98-nji Oskar baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Bu gezek «Günäliler» («Грешники») honnor filminiň 16 ugurda dalaşgär bolmagy «Oskar» üçin rekord derejedir. Mundan öň iň köp dalaşgärlige mynasyp bolan filmler - «Ähli zat Ýewa hakda» («Все о Еве»), «Titanik» we «La La Lend» filmleridi (14 nominasiýada). «Bir söweşden soň beýleki» («Битва за битвой») filmi bu ýyl 13 baýrak ugrunda göreşýär.

Iň gowy film ugruna aşakdakylar hödürlenilýär:

  • «Bugoniýa»;
  • «F1»;
  • «Frankenşteýn»;
  • «Hamnet»;
  • «Marti Beýik»;
  • «Bir söweşden soň beýleki»;
  • «Gizlin agent»;
  • «Sentimental gymmatlyk»;
  • «Günäliler»;
  • «Otlularyň düýşi».

Iň gowy režissýor:

  • Paul Tomas Anderson («Bir söweşden soň beýleki»);
  • Hloýa Çžao («Hamnet»);
  • Raýan Koogler («Günäliler»);
  • Ýoakim Triýer («Sentimental gymmatlyk);
  • Joş Sefli («Marti Beýik»).

Iň gowy aktýor:

  • Timoti Şalame («Marti Beýik);
  • Leonardo Di Kaprio («Bir söweşden soň beýleki»);
  • Wagner Moura («Gizlin agent»);
  • Maýkl B. Jordan («Günäliler»);
  • Itan Houk («Mawy Aý»).

Iň gowy aktrisa:

  • Jessi Bakli («Hamnet»);
  • Rouz Birn («Başarsam, seni depip goýbererdim»);
  • Renate Reinswe («Sentimental gymmatlyk»);
  • Emma Stoun («Bugoniýa»);
  • Keýt Hadson («Olaryň arzuwlarynyň mukamy»).

Iň gowy halkara film:

  • «Sentimental gymmatlyk» (Norwegiýa);
  • «Syrat», (Ispaniýa);
  • «Gizlin agent», (Braziliýa);
  • «Hind Rajabyň sesi»,(Tunis);
  • «Ýönekeý tötänlik», (Fransiýa).

Baýraklaryň taryhynda ilkinji gezek  Iň gowy kasting ugry hem döredildi. Bu ugra «Hamnet», «Marti Beýik», «Bir söweşden soň beýleki», «Gizlin agent» we «Günäliler» filmleri hödürlenýär.
Dalaşgärleriň doly sanawy «Oskaryň»web sahypasynda çap edildi.

98-nji «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 16-njy mart gijesi Los-Anjelesde geçiriler. Komik artist Konan O'Braýen dabaranyň ikinji gezek alypbaryjysy bolar.


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....