Tom Kruza kinematografa goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragy berildi

  • 18.11.2025 09:22
  • 3.5k+

Amerikaly aktýor Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny aldy. Bu barada Amerikan kinosungat akademiýasyna salgylanyp, Variety neşiri habar berýär.

Kruza heýkeli amerikaly režissýor Alehandro Gonsales Inýarritu gowşurdy.
63 ýaşly aktýor üçin bu, baýraga dört gezek dalaşgär görkezilen bolsa-da, ilkinji “Oskar” heýkeli boldy.

“Biziň nireden gelendigimize garamazdan, biz kinoteatrda wagtymyz gülýäris, duýgudaşlyk bildirýäris, bilelikde umyt edýäris we sungatyň bu görnüşiniň güýji hem şundadyr. Ine, şol sebäpli kino meniň üçin şeýle möhüm. Men film bilen meşgullanmaýaryn, men olar bilen ýaşaýaryn” – diýip, aktýor baýragyň gowşurylyş dabarasynda aýtdy.

Kruzdan başga-da, “Oskar” hormat baýraklaryny aktrisa we horeograf Debbi Allen we hudožnik-ýola goýujy Winn Tomas aldy. Aýdymçy Dolli Parton ynsanperwerlik işine goşan goşandy üçin Jin Herşolt adyndaky baýraga mynasyp boldy.
Kyrk ýyldan gowrak dowam eden kino karýerasynda Kruz onlarça filmlere gatnaşdy. Onuň uly üstünligi 1983-nji ýylda çykan “Töwekgelçilikli iş” filmindäki keşbi boldy. “Oskara” dalaşgär görkezilmekden başga-da, onuň üç işi “Altyn globus” baýragy bilen sylaglandy. Kruz köp çylşyrymly we howply hereketleri özbaşdak ýerine ýetirýändigi bilen hem bellidir. Iýunda ol hatda ýanýan paraşýutdan has köp böküşi amala aşyran adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 


şu gün 11:31
257

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....