Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar

  • 25.02.2026 15:53
  • 2.9k+

Oskar baýragynyň eýesi, aktýor Tom Henks täze kino taslamasynda ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Awraam Linkolnyň keşbini ýerine ýetirer. Artist «Linkoln bardoda» (Lincoln in the Bardo) diýlip atlandyrylýan eksperimental dramanyň aktýorlar düzüminde esasy gahryman bolar diýip, Variety neşiri habar berýär.
Ssenariý Jorj Sondersiň adybir romanynyň esasynda taýýarlanyldy.

Filmiň sýužeti 1862-nji ýylyň 20-nji fewralyndaky bir gijäniň wakalaryna ünsi jemleýär. Prezidentiň 11 ýaşly ogly Uilýam aradan çykandan soň, çaga «bardo» — ýagny fiziki ölüm bilen ruhuň tenden doly aýrylmagynyň arasyndaky aralyk ýagdaýa düşýär.
Režissýorlyk wezipesini «Anomaliza» filmi bilen tanalýan Dýuk Jonson eýelär. Tom Henks baş keşbi janlandyrmak bilen bir hatarda, filmiň prodýuserlik işlerini hem öz üstüne alar.
Mundan ozal, amerikan lideriniň keşbini ekranda Daniel Deý-Lýuis, Gregori Pek we Genri Fonda ýaly meşhur artistler ýerine ýetiripdi.


düýn 14:28
896

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......