Multfilm diýjeksiň!: «Haýwanlar şäheri 2» 1,85 milliard dollar bilen «Minecraft kinoda» filminden öňe geçdi

  • 28.02.2026 20:02
  • 6.3k+

ABŞ-da prokatyň takmynan üç aýynyň dowamynda «Haýwanlar şäheri 2» multfilmi 424,2 million dollar girdeji toplady we «Minecraft kinoda» ($424 million) filminden geçip, 2025-nji ýylda Amerikanyň kinoteatrlarynda iň köp girdeji getiren tomaşa boldy.

«Haýwanlar şäheri 2» dünýä boýunça 1,85 milliard dollar ýygnady. Munuň özi multfilme taryhyň iň köp girdejili filmleriniň sanawynda dokuzynjy orny eýelemäge mümkinçilik berýär.

Multfilmiň sýužeti towşan Judy we tilki Nik barada gürrüň berýär. Täze başdangeçirmelerde olar howply ýagdaýa düşýärler. Geri lakamly ýylan öz abraýyny dikeltmäge kömek etjek syrly kitaby ogurlamaga synanyşýar, Judy we Nik bolsa ogra ýoldaş bolmaga we şol bir wagtyň özünde polisiýadan gizlenmäge mejbur bolýarlar. Wakanyň dowamynda olar eýýäm bir päliýamanyň şol kitaby ele salmak üçin haýwanlar şäheriniň ýaşaýjylarynyň birini öldürip ýetişendigini anyklaýarlar.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....