«Garadangaýtmaz» serialyndaky pizza zyňlan jaý 1,3 mln dollara satyldy

  • 03.03.2026 07:28
  • 6.6k+

Albukerke şäherinde (Nýu-Meksiko, ABŞ) ýerleşýän we «Garadangaýtmaz» («Во все тяжкие») serialynda Wolter Waýtyň öýi hökmünde tanalýan jaýyň indi täze eýesi bar. Strimer Edin Ross bu gozgalmaýan emlägi 1,3 million dollara satyn aldy diýip, «New York Post» neşiri ýazýar.
«Men käbir dalaşgärlerden has ýokary baha hödürlemeli boldum, ýöne netijeden göwnüm hoş» diýip, Ross göni ýaýlymda öz diňleýjilerine gürrüň berdi. Ol şol wagt iň ýokary bahany hödürländigini hem sözüniň üstüne goşdy. Bloger bu jaýy Wolter Waýtyň öýüniň jikme-jik nusgasyna öwürmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

Öýüň satylmagynyň esasy sebäbi — serialyň muşdaklary tarapyndan edilýän yzygiderli basyş boldy. Öýüň öňki eýesi Joann Kintananyň aýtmagyna görä, her gün jaýyň ýanyndan 300-e golaý awtomobil geçýärdi. Serialyň muşdaklary bolsa diňe bir surata düşmek bilen çäklenmän, eýsem serialdaky meşhur sahnany gaýtalamaga synanyşyp, jaýyň üstüne pizza zyňýardy. Kintana jaýyň täze eýesiniň bu ýerde muzeý ýa-da myhmanhana döredip, muşdaklaryň arzuwyny amala aşyryp biljekdigine umyt bildirýär.


2025-nji ýylyň ýanwar aýynda jaýyň eýesi ony 4 million dollara satmak isläpdi. Bu baha jaýyň bazar bahasyndan (takmynan, 350 müň dollar) on esse köpdi. Ol şeýle bahany rieltorlaryň maslahaty bilen goýdy, sebäbi olar bu ýeri muzeýe öwrüp biljek maýadarlaryň ýa-da kolleksionerleriň gyzyklanma bildirmegine garaşypdy. Emma ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän zolagyndaky berk düzgünler sebäpli, bu ýerde täjirçilik işlerini geçirmäge rugsat berilmedi we bu meýilnamalar puja çykdy.
Bir aýdan soň Kintana jaýy 90% arzanladyş bilen täzeden satuwa çykardy. Öýi 400 müň dollara satyn almak mümkindi, ýöne Edin Ross ony bu bahadan üç esse gymmat satyn aldy.

Belläp geçsek, «Garadangaýtmaz» serialyndaky wakalaryň agramly böleginiň bolup geçýän ýeri — Albukerke şäheri Aşgabadyň doganlyk şäheridir. Doganlaşmak baradaky resmi ylalaşyga 1990-njy ýylda gol çekildi.
2021-nji ýylda Albukerke şäheriniň häkimi Timoti M. Keller Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli 25-nji maýy Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni diýip yglan etdi.
Geografik taýdan biri-birinden örän uzakda ýerleşseler-de, bu şäherleriň doganlaşmagyna birnäçe meňzeş aýratynlyklar sebäp boldy: köpmilletlilik, iri bilim we medeniýet merkezleriniň bolmagy, şeýle hem tebigy landşaftlarynyň meňzeşligi.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....