Pixar öz taryhynda ilkinji gezek doly göwrümli mýuzikl taýýarlaýar

  • 09.03.2026 15:28
  • 2.5k+

Pixar animasiýa studiýasy taryhynda ilkinji multfilm-mýuziklini taýýarlaýar. Bu barada The Wall Street Journal habar berýär.

2017-nji ýylda surata düşürilen "Kokonyň syry" filmi saz bilen berk baglanyşyklydy, ýöne täze taslama doly göwrümli sazly iş bolar. Filmiň režissýory "Men gyzarýaryn" multfilmindäki işi bilen tanalýan Domi Şi bolar. Filmiň ady we sýužet-ýordumynyň detallary heniz mälim edilmedi.

Mundan ozal studiýa “Kokonyň syry” filminiň dowamynyň we “Monstrlar korporasiýasy” filminiň üçünji bölüminiň üstünde işleýändigini hem yglan edipdi.

Şeýle hem, Pixar Aziýa mifologiýasyna esaslanýan Ono Ghost Market atly asyl animasiýa filmini taýýarlaýar.


düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....