«Bökegenler» soňky on ýylyň içinde Pixar multfilmleriniň arasynda iň ýokary reýtingleriň birine eýe boldy

  • 05.03.2026 11:48
  • 1.9k+

Internetde Pixar studiýasynyň «Bökegenler» (Hoppers) atly animasiýa filmi barada tankytçylaryň ilkinji synlary peýda boldy.

Habar çap edilen pursatynda taslamanyň Rotten Tomatoes saýtyndaky reýtingi 97% boldy — bu studiýanyň soňky on ýylyň içindäki iň ýokary görkezijileriniň biridir. Mundan ozal diňe «Kokonyň syry» we «Tapmaça» (Inside Out) multfilminiň birinji bölümi şuňa meňzeş baha alypdy.

Synçylar multfilmiň degişmelerini, ideýasynyň özboluşlylygyny we wakanyň beýan edilişindäki sýurrealistik stilini aýratyn belleýärler.

Multfilmiň sýužeti Meýbl atly gyzjagazyň töwereginde bolup geçýär. Ol öz aňyny mehaniki samyryň bedenine geçirmegi ýüregine düwýär. Baş gahryman täze keşbinde tokaýyň ýaşaýjylary bilen aragatnaşyk gurmaly we özi üçin nätanyş bolan dünýäniň gurluşyna düşünmeli bolýar.

Gahrymanlara Paýper Kurda, Jon Hemm we Meril Strip ses berdi. Taslamanyň režissýory — mundan ozal «Maşynlar 2» we «Aýylar barada hakykat» (We Bare Bears) seriýasynyň üstünde işlän Deniel Çong. Multfilmiň ABŞ-daky premýerasy 6-njy marta meýilleşdirildi.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....