Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

  • düýn 17:37
  • 1.6k+

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler. 

Režissýor bu barada duýduryş hatyny ýazyp, ony antimonopoliýa syýasaty we sarp edijileriň hukuklary boýunça senat kömekçi komitetiniň başlygyna ugratdy.
«Men Warner Brothers Discovery-niň Netflix-e satylmagynyň bütin ömrümi bagyşlan kino biznesim üçin betbagtçylykly netijelere getirjekdigine şübhelenmeýärin. Elbetde, meniň ähli filmlerim beýleki wideo platformalarda hem satylýar, ýöne meniň ilkinji söýgim — kinoteatrlar» diýip, Kemeron hatynda ýazýar.
Ol, eger-de bu söwda amala aşaýsa, kinoteatrlaryň «batyp barýan gämä» meňzejekdigini we munuň köpçülikleýin işsizlik bilen birlikde, amerikan kino pudagynyň düzüminiň üýtgemegine getirjekdigini-de duýdurýar.
2025-nji ýylyň dekabrynda Netflix Warner Bros. studiýasyny, şol sanda HBO Max we HBO kanalyny 82,7 mlrd dollara satyn aljakdygyny yglan etdi. Bu şertnama amala aşan ýagdaýynda Netflix «Garri Potter», «DC Comics» we «Tagtlar oýny» ýaly ägirt uly franşizalara eýe çykar. Ýöne bu söwdada Paramount Skydance kompaniýasy hem bäsleşýär we olar munuň üçin has ýokary mukdary — 108,4 mlrd dollary hödürlediler.
ABŞ-nyň barlag edaralary islendik birleşmäni-de berk gözden geçirerler. Sebäbi bazardaky paýy 30%-den ýokary bolan kompaniýalaryň birleşmegi bikanun hasaplanýar. Netflix bolsa striming bazaryna YouTube ýaly mugt hyzmatlaryň hem girýändigini aýdyp, bu babatda öz paýynyň çäkden aşmaýandygyny delillendirýär.


21.01.2026 10:11
1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.4k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...

19.12.2025 09:21
2.1k+

Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär

Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy...

24.10.2025 16:40
970

Warner Bros. Discovery biznesi satmagy ýa-da bölmegi göz öňünde tutýar

Amerikan mediakompaniýasy Warner Bros. Discovery öz paýdarlary üçin bähbidi ýokarlandyrmak maksady bilen biznesi ösdürmegiň dürli ýollaryny öwrenýändigini habar berdi. Olaryň arasynda 2026-njy ýylyň ortasyna çenli iki kompaniýa bölünmek, tutuş biznesi satmak ýa-da bölekleýin satmak bar – Warnes...