Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

  • 13.01.2026 23:25
  • 3.5k+

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi. Bu barada The New York Times-yň makalasynda aýdylýar.

Mundan başga-da, Dewid Ellisonyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýa Warner Bros.-yň üstünden kazyýete arza berip, kinostudiýanyň ýolbaşçylygynyň näme üçin Netflix-iň studiýany 82,7 mlrd dollara satyn almak teklibini has bähbitli hasap edendigi barada jikme-jik maglumat bermegi talap etdi.
Paramount Skydance studiýany eýýäm dört aý bäri satyn almaga synanyşýar. Ol Warner Bros Discovery-nyň tutuş biznesi üçin Netflix-den has köp mukdary teklip etdi: bir paý üçin 30 dollar (jemi 108,4 mlrd dollar), striming platformasy bolsa bir paý üçin 27,75 dollar (kompaniýanyň kabel kanallaryny goşmazdan, diňe kino we striming hyzmaty üçin jemi 82,7 mlrd dollar).
Ellison paýdarlara ýyllyk ýa-da ýörite ýygnakda bu şertnama garşy çykmakçydygyny aýtdy.
Warner Bros. şikaýat arzasyny esassyz diýip atlandyrýar we Paramount «bahany ýokarlandyrmady we öz teklibindäki aýdyň kemçilikleri düzetmedi» diýip hasaplaýar.
Netflix bilen mümkin bolan birleşme ABŞ-da çekişmelere getirdi. Ýurduň Prezidenti Donald Tramp monopoliýa garşy edaralary şertnamany düýpli gözden geçirmäge çagyrdy. 


11.05.2026 23:23
2.5k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

10.05.2026 19:42
1.8k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

04.03.2026 14:13
1.3k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.8k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...