$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

  • 28.02.2026 19:26
  • 4.8k+

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar.

Birleşen kompaniýa ýylda azyndan 30 filmi prokata çykarmagy meýilleşdirýär: olaryň 15-isi Warner Bros., galan 15-isi bolsa Paramount Pictures tarapyndan taýýarlanar. Mundan ozal Warner Bros. kompaniýasynyň Netflix bilen ylalaşyk baglaşandygy sebäpli, Paramount indi striming platformasyna şertnamanyň ýatyrylandygy üçin 2,88 milliard dollar tölär.

Bu söwdanyň öňüsyrasynda Netflix kompaniýasy Warner Bros.-y satyn almakdan ýüz öwrüpdi. Ondan biraz wagt öň Paramount has bähbitli şertleri hödürledi, Netflix bolsa bahany ýokarlandyrmazlyk kararyna gelip, beýle ýagdaýda satyn alşyň «maliýe taýdan özüne çekiji» bolmajakdygyny aýtdy.

Netijede, Paramount tutuş Warner Bros. Discovery kompaniýasyny 110 milliard dollara dolulygyna satyn aldy. Netflix bolsa diňe Warner Bros. kinostudiýasyny, HBO Max striming platformasyny we HBO teleýaýlymyny 82,7 milliard dollara satyn almagy meýilleşdiripdi.

Geçen ýylyň dekabrynda Warner Bros. ilki Netflix-iň teklibine razylyk beripdi we Paramount tarapyndan teklip peýda bolanda, ilki ony ret etdi. Ýöne Paramount niýetinden el çekmedi we şertlerini birnäçe gezek gowulandyryp, ahyrynda Warner Bros.-yň öz teklibini saýlamagyny gazandy.


11.05.2026 23:23
2.6k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

04.03.2026 14:13
1.3k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

27.02.2026 18:51
1.9k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...

25.02.2026 18:36
2.1k+

Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär...