Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y almak üçin Netflix bilen göreşde teklibini ýokarlandyrdy

  • 25.02.2026 18:36
  • 2.1k+

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky teklibini resmi taýdan her paýnama üçin 31 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, CNN neşiri Warner Bros. Discovery-nyň beýanatyna salgylanyp habar berýär. Warner Bros. Discovery bu teleýaýlymyň baş kompaniýasy bolup çykyş edýär.
Häzire çenli Paramount her paýnama üçin 30 dollar hödürleýärdi, emma Warner Bros. Discovery bu teklibi Netflix bilen boljak şertnama bilen deňeşdirilende «az bähbitli» diýip ret edipdi.

Indi bolsa Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi bolup biljek şertnama boýunça Paramount bilen gepleşikleriň möhletiniň uzaldylandygyny mälim etdi. Muňa garamazdan, kompaniýa Netflix bilen birleşmek baradaky ylalaşygyň «güýjünde galýandygyny» aýratyn nygtady. CNN tarapyndan pikirleri soralan analitikler Netflix-iň hem, ähtimal, şeýle bahany hödürlejekdigi baradaky çaklamalaryny aýtdy.
Mundan başga-da, her paýnama üçin ýokary baha hödürlemek bilen bir hatarda, Paramount, eger şertnama ABŞ-nyň kadalaşdyryjy edaralarynyň karary sebäpli başa barmasa, Warner Bros. Discovery-ä «7 mlrd dollar möçberinde öwez tölegini» tölemegi wada berdi.


04.03.2026 14:13
1.2k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.7k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...

27.02.2026 18:51
1.8k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...

12.02.2026 14:20
2.1k+

Warner Bros. kompaniýasy Netflix bilen arany üzse, ýitgini Paramount öz üstüne alar

Paramount kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça täze şertleri hödürledi. Teklibe görä, Paramount kompaniýasy Warner Bros.-yň 82,7 milliard dollarlyk şertnamany bozan ýagdaýynda Netflix-e tölemeli boljak öwez tölegini öz üstüne almaga taýýar...