Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

  • 04.03.2026 14:13
  • 1.3k+

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler.

Ylalaşyga görä, çempionaty ABŞ-da görkezmek baradaky eksklýuziw hukuklara eýe bolan Apple TV+, 22–24-nji maýda geçiriljek Kanada Gran-prisini göni ýaýlymda görkezmek üçin Netflix-e goşmaça hukuk berdi. Muňa derek Netflix kompaniýasy Apple-e özüniň meşhur «Diri galmak üçin göreş» («Стремление выжить») dokumental serialynyň sekizinji möwsümini öz ekoulgamyna birleşdirmäge rugsat berdi.

Şeýlelikde iki striming platformasynyň tomaşaçylary hakykat ýüzünde birleşdirildi. Bu ylalaşyk Netflix üçin hukuklaryň doly bukjasyny satyn almazdan, Formula-1 ýaryşynyň göni ýaýlymyny ilkinji gezek synagdan geçirmäge mümkinçilik döretdi. Apple üçin bolsa  2026-njy ýylyň möwsüminiň öňüsyrasynda täze ulanyjylary özüne çekmegiň amatly usuly boldy.

Ýeri gelende bellesek, Netflix-iň bu ylalaşyk üçin özüniň asyl kontentini gönüden-göni bäsdeşi bilen paýlaşmagy görlüp-eşidilmedik ýagdaýdyr.


19.06.2026 14:20
2.8k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 11:16
961

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......