Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak üçin edilen çykdajylar bilen baglydyr. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär.
Geçen ýyl kompaniýanyň ýitgisi 453 million dollara deň bolupdy. WSJ-niň ýazmagyna görä, WBD-niň bir paýnamasynyň bahasy 1,17 dollar aşak düşdi, ýöne analitikler paýnama başyna 11 sent zyýan bolar diýip çaklapdy. Şeýle hem, WBD-niň umumy ýitgisine kontentiň bahasynyň ýokarlanmagy we düzüm üýtgetmeleri bilen bagly maddy däl aktiwleriň amortizasiýasy üçin sarp edilen 1,3 milliard dollar hem girýär.
Kompaniýanyň girdejisi 1% azalyp, 8,89 milliard dollara düşdi: mahabatdan gelýän girdeji 7% azalyp, 1,85 milliard dollar boldy, ýöne distribusiýa hyzmatlaryndan gelýän girdeji öňki derejesinde galdy.
Paramount amerikan mediakorporasiýasy häzirki wagtda Warner Bros. Discovery kompaniýasyny satyn almagyň ugrunda hereket edýär. Paramount eýýäm satyn almak baradaky şertnamany tassyklatmak üçin ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna (FCC) arza tabşyrdy.
Warner Bros kompaniýasyna goýuljak umumy maýa goýumlar 24 milliard dollara deň bolar. Paramount bilen Warner Bros. Discovery-nyň arasyndaky şertnama 111 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. Bu ylalaşyk baş direktory Dewid Ellison bolan kompaniýanyň WBD-ni satyn almak ugrundaky bäsleşikde Netflix korporasiýasyndan üstün çykmagyndan soň gazanyldy. Satyn alyş işini paýdarlar we düzgünleşdiriji edaralar tarapyndan tassyklanylandan soň, ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.