Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär

  • 19.12.2025 09:21
  • 2.1k+

Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy.

Holdingiň aktiwleri üçin iki media kompaniýasynyň göreşi eýýäm birnäçe aý bäri dowam edýär. Netflix 82,7 mlrd dollara (paý üçin 27,75 dollar) Warner Bros. kinostudiýasyny we HBO Max striming hyzmatyny satyn almak isleýär. Muňa jogap hökmünde Paramount 108 mlrd dollara tutuş korporasiýany, şol sanda CNN, TNT Sports we Discovery telekanallaryny satyn almagy teklip etdi. Bu meýilnamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa Ýakyn Gündogaryň garaşsyz gaznalaryndan we Donald Trampyň giýewi Jared Kuşnere degişli bolan Affinity Partners firmasyndan maýa çekdi.

Paramount-yň teklibiniň maliýe taýdan özüne çekijiligine garamazdan, Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi ylalaşykda uly töwekgelçilikleri görýär we kompaniýany paýdarlary ýalňyşdyrmakda aýyplaýar.

Ýagdaý syýasy tarapdan kynlaşýar: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Netflix-iň bazar paýynyň artmagynyň «mesele bolup biljekdigini» aýdypdy. Şol bir wagtyň özünde, Paramount-yň ýolbaşçysy Dewid Ellisonyň kakasy – milliarder we Oracle kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Larri Ellison Ak tam bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.  

Paýdarlaryň bellibir netije çykarmagy üçin wagt bar, çünki Paramount-yň teklibi 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwaryna çenli güýjünde galýar. 


11.05.2026 23:23
2.5k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

10.05.2026 19:42
1.8k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

04.03.2026 14:13
1.3k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

28.02.2026 19:26
4.8k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...