Pixar «Nägehanlar korporasiýasy» älemi boýunça täze multfilm taýýarlaýar

  • 08.03.2026 13:31
  • 1k+

Pixar animasiýa studiýasy «Nägehanlar korporasiýasy» (Корпорация монстров) älemi boýunça täze doly metražly filmiň üstünde işleýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşiri studiýanyň «Bökegenler» (Прыгуны) atly täze multfilminiň çykmagynyň öňüsyrasyndaky işi barada taýýarlan makalasynda habar berdi.

Režissýor Piter Dokter tarapyndan düşürilen «Nägehanlar korporasiýasy» atly ilkinji multfilm 2001-nji ýylda ekranlara çykyp, dünýä prokatynda 500 million dollardan gowrak gazandy. Soňra studiýa 2013-nji ýylda 743 million dollar girdeji gazanan «Nägehanlar uniwersiteti» (Университет монстров) prikwelini çykardy.

Soňlugy bilen bu franşiza «Iş başyndaky nägehanlar» (Монстры за работой) animasion serialy görnüşinde dowam etdirildi. Bu taslama iki möwsüm bolup çykdy.

Täze multfilm barada maglumat entek ýok. Filmiň režissýorynyň kimdigi, sýužetiň näme baradadygy we premýeranyň haçana meýilleşdirilýändigi barada hem habar berilmedi.

Şol bir wagtyň özünde, studiýanyň täze taslamasy bolan «Bökegenler» multfilmi deslapky görkezişlerde 3,2 million dollar toplap, prokata başlady. Çaklamalara görä, onuň birinji dynç günleriniň dowamyndaky girdejisi 40 million dollara ýetip biler.


düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....