Oskar baýragyna täze dalaşgär: «"Awe Mariýa" taslamasy» filmi tankytçylary haýran galdyrdy

  • 05.03.2026 10:39
  • 2.6k+

Tizden ekrana çykjak ylmy-fantastika žanryndaky «"Awe Mariýa" taslamasy» filmi kino dünýäsiniň hünärmenlerine görkezildi. Ilkinji seslenmelerde bu eser «kosmosa syýahat baradaky hökman görülmeli film» we geljek ýylky Oskar dabarasynda köp sanly baýraklaryň eýesi bolmaga iň uly dalaşgär diýlip atlandyrylýar.

Bu film ýazyjy Endi Weýeriň (2015-nji ýylda Ridli Skott tarapyndan surata düşürilen meşhur «Marsly» romanynyň awtory) adybir kitaby esasynda döredildi.

Filmiň wakalary mekdep mugallymy Raýland Greýsiň (baş rolda — Raýan Gosling) töwereginde bolup geçýär. Ol ýyldyzara uçýan kosmos gämisiniň içinde özüne gelýär we özüniň kimdigini we bu ýere nähili düşendigini ýatlap bilmeýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol Ýer şaryny halas etmek üçin uzakdaky ýyldyz ulgamyna iberilen ekipaždan diri galan ýeke-täk adamdygyna düşünýär.

Film hakda öz pikirlerini paýlaşanlar köp boldy. Olardan kino tankytçysy Erik Marçen: «Bu 2026-njy ýylyň ilkinji beýik blokbasteridir. Greg Freýzeriň operatorlyk işi we Raýan Goslingiň ajaýyp oýny hakyky sungat eseridir!» diýip bellese, žurnalist Skott Menzel: «Fil Lord we Kris Miller özleriniň iň uly göwrümli we iň kämil eserini döretmegi başardylar. Bu film ähli kategoriýalar boýunça baýraklara mynasypdyr» diýip, täze taslama hakynda aýgytly garaýşy orta atdy. Şeýle-de alypbaryjy Jeff Konweý hem: «Filmde degişme, ylmy-fantastika we drama örän nepis utgaşdyrylypdyr. Raýan Gosling kynçylyklary ýeňip geçmek hakyndaky bu täsirli hekaýatyň parlak ýyldyzy bolsa, Sandra Hüller filmiň mähirli ýüregidir» diýip, tomaşadan galan täsirleri paýlaşdy.

Film dünýä prokatyna 20-nji martda çykar.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....