Nikol Kidman «Skarpetta» serialy üçin patologoanatomyň işini özleşdirdi

  • 05.03.2026 12:09
  • 2.6k+

Nikol Kidman "Skarpetta" serialyndaky keşbine taýýarlanýan döwründe patologoanatomyň işini özleşdirendigini aýtdy. Aktrisa bu barada Jimmi Fellonyň gepleşiginde gürrüň berdi.

Serialda Kidman derňewlerinde döwrebap kriminalistik tehnologiýany ulanýan sudmedekspertiň keşbini janlandyrýar. Aktrisa öz keşbini has ynandyryjy etmek üçin taslamanyň üstünde işleýän mahalynda işläp ýören hünärmen bilen maslahatlaşandygyny belledi.

"Scarpetta" serialy Patrisiýa Kornueliň adybir detektiw romanlar seriýasy esasynda surata düşürildi. Şeýle hem, serialda Jeými Li Kertis, Ariana DeBos, Bobbi Kannawale, Saýmon Beýker, Sozi Beýkon we Janet Montgomeri dagy surata düşdi.

Comet Pictures we Blumhouse Television kompaniýalary Key Skarpette hakyndaky seriýany ekranlaşdyrmak hukuklaryny 2021-nji ýylda satyn alypdylar. Serialyň dörediljekdigi resmi taýdan 2023-nji ýylyň fewral aýynda yglan edildi.

Taslama Dewid Gordon Grin we Şarlotta Brendstrem režissýorlyk etdiler. Liz Sarnoff bolsa ssenariýaçy we şouranner hökmünde çykyş etdi.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....