DreamWorks «Ýabany robot» multfilminiň dowamynyň üstünde işläp başlady

  • 07.03.2026 18:48
  • 1.4k+

DreamWorks Animation studiýasy «Ýabany robot» (Дикий робот) multfilminiň dowamynyň üstünde işläp başlady. Bu barada «TheWrap» neşiri habar berýär.

Birinji bölümi döreden Kris Sanders täze taslamada ssenariniň awtory hökmünde çykyş eder. Režissýorlyk wezipesini bolsa «Nimona» multfilmi bilen tanalýan Troý Kwon hem-de birinji multfilmiň işlerine suratkeş hökmünde gatnaşan Haýdi Jo Gilbert ýerine ýetirer. Sýužet barada maglumat häzirlikçe ýok.

«Ýabany robot» multfilmi Piter Braunyň adybir kitabyna esaslanýar. Bu eser adamsyz adada galan we ol ýerdäki haýwanlara kömek edip başlan robot barada gürrüň berýär. Birinji bölümde gahrymanlara Lupita Niongo, Pedro Paskal we Mark Hemill ses berdi.

Bu multfilm dünýäniň kinoteatrlarynda 334 million dollar ýygnady. Şeýle-de, ol «Oskar» baýragynyň üç nominasiýasyny aldy we «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy.


düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....