Iň gowusy «Ýedi samuraý»: Collider taryhda iň gowy uruşly filmleri saýlady

  • 27.02.2026 14:43
  • 5.1k+

Collider neşiri taryhyň iň gowy 20 sany söweşjeň filminiň sanawyny düzdi.

Sanawyň birinji basgançagynda režissýor Akira Kurosawanyň 1954-nji ýylda surata düşüren «Ýedi samuraý» filmi ýerleşdi. 

Filmdäki wakalar XVI asyrdaky Ýaponiýada raýatlyk urşy döwründe bolup geçýär. Sýužete görä, daýhanlar özlerini galtamanlardan goramak üçin ýedi sany ronini (hojaýynsyz samuraýy) hakyna tutýarlar. Collider-iň netijesine görä, bu film westernlerden başlap, ogurlyk baradaky filmlere çenli köp sanly esere täsir etdi. Kurosawa bu filmde dinamik montaž usulyny ussatlyk bilen ulanyp, hatda howa şertlerini hem kinodaky gürrüňleriň we wakalaryň süňňüne siňdirdi. Şeýle-de, ol edebi esasy öňe sürýän dürli häsiýetli gahrymanlaryň çylşyrymly ulgamyny döretdi. Collider-iň belleýşi ýaly, «Ýedi samuraý» žanryň çäklerinden çykyp, diňe bir uruş-söweşli filmleriň iň beýigi däl-de, eýsem tutuş kinematografiýanyň taryhyndaky iň möhüm eserleriň biri.
Bu filmdäki ýagyşly söweş sahnasy we gahrymanlaryň özboluşly häsiýetleri häzirki zaman kinosynyň düýbüni tutujy sütünleriniň biri hasaplanýar.
Iň gowy üçlük:


«Terminator 2: Kyýamat güni» («Терминатор-2: Судный день» 1991): režissýor Jeýms Kameronyň bu filmi dramaturgiýa we tehnologik çözgütleriň utgaşmasy sebäpli nusgawy hasaplanýar. Onda diňe wizual effektler üçin 5 million dollaryň sarp edilmegi  şol döwür üçin iň uly görkezijidir.


«Ýanbermez» («Крепкий орешек» 1988): Režissýor Jon MakTirnanyň bu filminde Brýus Willisiň janlandyrýan gahrymany Jon MakKleýn başga filmlerdäki ýeňilmezek gahrymanlardan tapawutlylykda, ýalňyşlyk goýberip bilýän adaty ynsan hökmünde görkezilýär.
Sanawdaky beýleki meşhur filmler:
«Kesekiler» («Чужие»), «Ölümlikli ýarag» («Смертельное оружие»), «Tolkunyň gerşinde» («На гребне волны»), «Fransuz araçysy» («Французский связной»), «Jon Wik» («Джон Уик»),  «Indiana Jons: Ýitirilen sandygyň gözleginde» («Индиана Джонс: В поисках утраченного ковчега»), «Telbe Maks: Gazap ýoly»  («Безумный Макс: Дорога ярости»), «Aždarhanyň çykyşy» («Выход дракона»), «Ýyrtyjy» («Хищник»), «Matrisa» («Матрица»), «Bullit» («Буллит»), «Gara rysar» («Темный рыцарь), «Billi öldürmek» («Убить Билла. Фильм 1»), «Kazino Roýal» («Казино Рояль»),  «Rembo: Ilkinji gan» («Рэмбо: Первая кровь»), «Gaýym gaýnanlar» («Круто сваренные»)  we  «Reýd» («Рейд».)
Mundan ozal Collider taryhyň iň gowy 20 sany fentezi filmini hem saýlapdy. Şonda birinji ýeri Piter Jeksonyň trilogiýasynyň jemleýji filmi bolan «Ýüzükleriň eýesi: Patyşanyň dolanmagy» («Властелин Колец: Возвращение короля») eýeläpdi.


düýn 18:48
729

DreamWorks «Ýabany robot» multfilminiň dowamynyň üstünde işläp başlady

DreamWorks Animation studiýasy «Ýabany robot» (Дикий робот) multfilminiň dowamynyň üstünde işläp başlady. Bu barada «TheWrap» neşiri habar berýär. Birinji bölümi döreden Kris Sanders täze taslamada ssenariniň awtory hökmünde çykyş eder...

düýn 16:20
1.4k+

Swarovski «Şregiň» 25 ýyllygy mynasybetli multfilm gahrymanlarynyň heýkeljiklerini çykardy

Swarovski brendi «Şrek» franşizasynyň birinji multfilminiň çykmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli özüniň kristallaryndan ýasalan heýkeljikler toplumyny hödürledi. Taslama Universal kinostudiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy...

düýn 15:48
1.7k+

Netflix filosof Aristotel we ýetginjek Isgender Zülkarneýn hakdaky serialyň ugruna çykdy

Netflix meşhur serkerde Aleksandr Makedoniýaly (Isgender Zülkarneýin) we onuň halypasy, beýik filosof Aristoteliň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berýän «Aleksandr» atly täze serialy surata düşürer. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, taslamanyň režissýory we ssenariýaçysy Žakob Tirne bolar...

düýn 10:50
1.2k+

«Ýüzükleriň hökümdarynyň» režissýory hormatly «Altyn palma şahasyna» eýe bolar

Taryhyň iň meşhur filmleriniň awtory, Täze Zelandiýaly režissýor Piter Jekson kinematografiýanyň ösmegine goşan ägirt uly goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň hormatly «Altyn palma şahasyny» alar. Bu barada kino gözleginiň guramaçylarynyň beýanynda aýdylýar...