Bar ýagysy – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy

  • 20.02.2026 19:28
  • 1.7k+

Disney we Pixar kompaniýalary «Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» (История игрушек-5) animasion filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 19-njy iýuna meýilleşdirildi.
Bu gezek gahrymanlar çagalaryň ünsüni özüne baglan iň döwrebap duşman — gajetler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar. Esasy garşydaş hökmünde «Garpyşyk» serialynyň ýyldyzy Greta Liniň ses bermeginde Lilipad atly täze gahryman çykyş eder.
«Baz, Wudi, Jessi we beýleki toparyň işi häzirki wagtda çagalaryň arasynda meşhur bolan zat — elektronika bilen çaknyşanlarynda uly howp astynda galýar!» diýlip, beýanda bellenilýär.
Bäşinji bölümiň režissýory Endrýu Stenton («Nemonyň gözleginde», «WALL-I») boldy. Tom Henks (Wudi) we Tim Allen (Bazz Laýter) hem öz keşplerine dolandy.
Şeýle-de, aktýorlar düzümine tele-alypbaryjy Konan O’Braýen hem goşuldy, ol multfilmde körpeleri hajathana öwrenişdirmek üçin niýetlenen täze tehniki oýunjaga ses berdi.


düýn 23:54
1.2k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....