«Karib deňziniň garakçylary 6» gijigýär. Sebäbi – Tom Kruzly «Top Gan 3»

  • 01.03.2026 11:37
  • 5.3k+

Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen.

«Häzirki wagtda «Ökde mergen» birneme öňe düşýär. Ýöne bu uzaga çekmez. Biz tiz wagtdan ssenariýany elimize alarys» diýip, Brukhaýmer belläp geçdi.

Altynjy «Garakçylaryň» sýujeti barada kän mälim zat ýok. Bir belli zat, edebi esasy «1917» filminiň üstünde işlän Kristi Uilson-Kernisiň ýazýandygy. Şeýle-de eseriň merkezinde ozal Jonni Depp tarapyndan oýnalan kapitan Jek Worobeýiň oglunyň bolup biljekdigi hakda maglumatlar bar.

Brukhaýmer ozal Deppiň Ember Hýord bilen kazyýet meselesi sebäpli Disneý bilen gatnaşygyny kesen-de bolsa, ony taslamada görmegi isleýändigini aýdypdy. 2025-nji ýylyň awgustynda prodýuser Deppiň dolanyp gelmegine garşy däldigini, emma munuň köp babatda ssenariýa baglydygyny duýduryp: «Eger oňa hödürlenýän keşp ýarasa, meniň pikirmçe razy bolar» diýipdi.

2022-nji ýylda maşgala dawasy boýunça kazyýet işi wagtynda Depp «hatda 300 million dollar, ýene million düýe berilse-de» keşbe dolanyp gelmejekdigini aýtdy. Ol, hakykatdan hem, şol sözünden bäri esasan özbaşdak kinolarda surata düşýär.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....