EA kitap ogrusymy? Çat-botlaryň ýadynda awtorlyk hukugy bilen goralýan müňlerçe sahypalyk mazmun ýüze çykdy

  • 02.03.2026 10:35
  • 1.6k+

Stenford we Ýell uniwersitetleriniň bilermenleri Gemini 2.5 algoritminiň Garri Poter baradaky birinji kitabyň tekstiniň 76,8%-ini, Grok 3 modeliniň bolsa, 70,3%-ini ýokary takyklyk bilen dikeldip bilýändigini görkezýän tejribe geçirdiler. Gözlegçiler goraýyş mehanizmlerinden aýlanyp geçmek üçin soraglary ulanyp, Claude 3.7 Sonnet-den hem mazmunyň ähli bölegini diýen ýaly alyp bildiler.

Londonyň Imperiýa kollejiniň amaly matematika we kompýuter ylymlary boýunça professory Iw-Aleksandr de Monžua: «Ýatda saklamagyň ozal çaklanandan has çynlakaý meseledigine şaýatlyk edýän subutnamalar köpelýär» diýip, ýagdaýa düýpli baha berdi.

Hukuk bilermenleri şeýle faktlaryň kompaniýalaryň maglumatlardan «ynsaply peýdalanmak» baradaky delillerini gowşadýandygyny belleýärler. Pinsent Masons hukuk kompaniýasynyň intellektual eýeçilik boýunça hyzmatdaşy Seris Win Dewis hem hut şuny göz öňüne tutmak bilen: «Gözlegiň netijeleri EA modeliniň awtorlyk hukugy bilen goralýan eserleri saklamaýandygyny ýa-da dikeltmeýändigini tassyklaýanlar üçin mesele döredip biler» diýip nygtady.

Anthropic kompaniýasynyň wekilleri degişli döwmek usullarynyň adaty ulanyjylar tarapyndan ulanylmaýandygyny we modelleriň diňe sözleriň arasyndaky kanunalaýyklyklary özleşdirýändigini aýtdylar.

xAI, OpenAI we Google kompaniýalary testleriň bu netijelerine teswir bermediler.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....