Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy Warner Bros. bilen Paramount-yň birleşmeginiň öňüni almaga synanyşýar

  • 02.03.2026 14:51
  • 3.8k+

Amerikanyň Ssenariçiler gildiýasy (WGA) Warner Bros. Discovery bilen Paramount kompaniýalarynyň birleşmegine garşy çykyş etdi. Gildiýa mümkin bolan birleşigi "ssenariçiler, tomaşaçylar we tutuş pudak üçin betbagtçylyk" diýip atlandyrdy.

WGA-nyň Gündogar we Günbatar bölümleriniň bilelikdäki beýanatynda ylalaşygyň öňüni almak talap edilýär. Gildiýa bu birleşmäniň Golliwudda çendenaşa konsolidasiýanyň emele gelmegine getirjekdigine ynanýar, sebäbi bu ýerde gürrüň iki iri kinostudiýa we ssenariçilere iş berijiler barada barýar.

"Bu birleşme togtadylmalydyr" diýlip, beýanatda aýdylýar. Şeýle hem, WGA dekabr aýynda, Netflix-iň Warner Bros.-y satyn almagy göz öňüne tutan wagtynda, şeýle şertnamalaryň "monopoliýa garşy kanunlaryň nämeleriň öňüni almak üçin döredilendigi" hökmünde häsiýetlendirilýändigini ýatlatdy.

Golliwudyň beýleki kärdeşler arkalaşyklary, şol sanda Režissýorlar gildiýasy (DGA) heniz berk tankyt bilen çykyş etmedi. DGA-nyň prezidenti Kristofer Nolan ozal Warner Bros.-yň garaşsyzlygyny saklamagynyň zerurdygyny aýdypdy, ýöne pudagyň hakyky ýagdaýlaryny hem göz öňünde tutmagy maslahat beripdi.

110 milliard dollarlyk ylalaşyk 27-nji fewralda resmi taýdan tassyklanyldy. Warner Bros. Discovery Paramount kompaniýasynyň her paýnama üçin 31 dollarlyk teklibini kabul etdi we şertleri gowulandyrmadyk Netflix kompaniýasynyň teklibini ret etdi.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....