Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär

  • 20.02.2026 17:24
  • 1.7k+

Netflix kompaniýasy «Otly petegi» («Ticket to Ride») stolüsti oýnuny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn aldy. 

Ylalaşyga görä, kompaniýa, islese, oýnuň esasynda çeper ýa-da dokumental filmleri, seriallary hem-de beýleki media önümleri çykaryp biler. Bu boýunça, ilki bilen, Ben Mekler we Kris Emigiň ssenariýasy esasynda doly göwrümli filmiň çykmagyna garaşylýar. Taslamanyň prodýuserleri hökmünde «Asmodee» tarapyndan Darren Kaýman, «Tannenbaum Company-dan» Erik we Kim Tannenbaum, şeýle-de «Megamix-den» Jonatan Lewin we Jilliýan Borer çykyş ederler.
Pop-medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülip ýetişen «Otly petegi» oýny 30-dan gowrak dile terjime edildi hem-de 20 milliondan gowrak nusgasy satyldy. 21 ýylyň dowamynda dünýä boýunça köp sanly muşdaklary gazanan oýna ençeme öýkünmeler hem çykaryldy. Asmoode-niň adyndan ýerine ýetiriji prodýuser bolup çykyş edýän oýnuň awtory Alan R. Mun, Netflix bilen birleşmegiň  durmuşyny gyzykdyrandygyny we millionlarça muşdak üçin bu taslamalary durmuşa geçirmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýdýar.
Bu oýunda oýunçylar iň uzyn we peýdaly ýollary gurmaga çalyşýan demir ýol magnatlaryna öwrülip, iň bähbitli demir ýol çatryklaryny döretmekde garşydaşlary bilen bäsleşýärler.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....