«Sezar» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: baş baýragy «Ysnyşyk» dramasy aldy

  • 28.02.2026 15:47
  • 2.2k+

Režissýor Karin Tardýonyň «Ysnyşyk» (L’Attachement) atly fransuz maşgala dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda baş «Sezar» baýragyny aldy. Baýragyň 51-nji gowşurylyş dabarasy 26-njy fewralda Parižde geçirildi diýip, Deadline habar berýär.

Filmde baş keşbi Waleriýa Bruni-Tedeski ýerine ýetirdi. Film tötänleýin öz goňşularynyň — çagaly är-aýalyň maşgala meselelerine goşulan aýal barada gürrüň berýär. Kinolentanyň global premýerasy geçen ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň «Orizonti» meýilnamasynyň çäginde boldy.

Iň gowy režissýorlyk üçin baýrak «Täze tolkun» filmi üçin Riçard Linkleýtere berildi. Bu kategoriýada ýeňijini Dewid Kronenberg yglan etdi.

«Sezar» hormat baýragyna kanadaly aktýor Jim Kerri mynasyp boldy. Baýragy oňa «Arassa aňyň baky şuglasy» filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy.

Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» filmi «Iň gowy daşary ýurt filmi» diýlip saýlandy. Fransuzlaryň meşhur «Tokaýdaky pyşyrdy» filmi iň gowy dokumental film we iň gowy ses üçin baýraklary aldy. «Iň gowy animasion film» baýragy «Arko» lentasyna berildi, Arno Tulon bolsa original saz üçin tapawutlandy.

«Sezar» baýragy 1974-nji ýylda esaslandyrylyp, Fransiýanyň esasy kinematografik baýragydyr. Ol «Oskaryň» Ýewropadaky görnüşi hasaplanýar.

«Sezar-2025» baýragynyň esasy kategoriýalarda ýeňijileri:

  • «Iň gowy film» — «Ysnyşyk» (Привязанность), Karin Tardýo;
  • «Iň gowy režissýor» — Riçard Linkleýter («Täze tolkun» / Новая волна);
  • «Iň gowy aktýor» — Loran Lafitt («Dünýäniň iň baý aýaly» / Самая богатая женщина в мире);
  • «Iň gowy aktrisa» — Lea Drýuker («Iş № 137»);
  • «Iň gowy ikinji derejeli aktrisa» — Wimala Pons («Ysnyşyk»);
  • «Iň gowy ikinji derejeli aktýor» — Pýer Lotten («Ýat» / Посторонний);
  • «Iň gowy daşary ýurt filmi» — «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой), Pol Tomas Anderson;
  • «Iň gowy dokumental film» — «Tokaýdaky pyşyrdy» (Шепот в лесу), Winsent Menýe;
  • «Iň gowy doly metražly animasion film» — «Arko», Ugo Býenwenýu;
  • «Iň gowy gysga metražly film» — «Aktýoryň ölümi» (Смерть актера), Ambruaz Rato;
  • «Iň gowy gysga metražly animasion film» — «Suwuň gyzy» (Дочь воды), Sandra Demazýer;
  • «Iň gowy debýut» — «Nino», rež. Polin Lokes.

düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....