Netflix filosof Aristotel we ýetginjek Isgender Zülkarneýn hakdaky serialyň ugruna çykdy

  • 07.03.2026 15:48
  • 3k+

Netflix meşhur serkerde Aleksandr Makedoniýaly (Isgender Zülkarneýin) we onuň halypasy, beýik filosof Aristoteliň arasyndaky gatnaşyklar barada gürrüň berýän «Aleksandr» atly täze serialy surata düşürer. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, taslamanyň režissýory we ssenariýaçysy Žakob Tirne bolar.

Serial kanadaly ýazyjy Annabel Lionyň 2009-njy ýylda neşir edilen «Altyn ortalyk» atly taryhy romany esasynda surata düşüriler.

Wakalar b.e. öň 343-nji ýylda – Afinanyň gowşan we köşk dildüwşükleriniň artan döwründe başlanýar. Serialyň merkezinde ýaş Aleksandryň we onuň uly dogany Arrideýiň halypasy Aristotelden alýan sapaklary durýar. Romanda Aleksandr örän zehinli, emma şol bir wagtyň özünde erk edip bolmaýan derejedäki gyzma hem eýmendiriji ýetginjek hökmünde şekillendirilýär. Ol ylma bolan güýçli hyjuwy bilen özünden basybalyjy bolmagy talap edýän rehimsiz urşujy medeniýetiniň arasynda janserek bolýar.

Aristotel bolsa diňe bir alym hökmünde däl, eýsem öz okuwçylaryna «altyn ortalyk» düşünjesini — ýagny paýhaslylygy we deňagramlylygy öwretmäge çalyşýan ynsan hökmünde görkezilýär. Netijede, geljekki beýik serkerde bilen meşhur filosofyň arasyndaky garaşylmadyk dostluk taryha uly täsirini ýetirýär. 


düýn 20:48
1.1k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

düýn 11:43
3.6k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

31.05.2026 10:37
7.8k+

«28 ýyl soň» filminiň üçünji bölegi 2027-nji ýylda düşürilip başlanar

Režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» franşizasynyň üçünji bölegini düşürmek işlerine geljek ýylda başlamagy meýilleşdirýär. Ol bu barada «Deadline» neşirine beren interwýusynda mälim etdi....

28.05.2026 18:03
6.8k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....