«Atletikonyň» oýunçylary meýdança «Kesgir gaşlaryň» gangsterleriniň «goragy astynda» çykar

  • 10.03.2026 14:52
  • 8.3k+

«Atletikonyň» futbolçylary «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) atly doly metražly filmiň mahabat kampaniýasyna gatnaşar. Madrid kluby Netflix striming hyzmaty bilen hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy.

Film «Kesgir gaşlar» serialynyň baş gahrymany Tomas Şelbiniň geljekki ykbalyna bagyşlanýar. Onuň keşbini Killian Mýorfi ýerine ýetirýär.

Hyzmatdaşlygyň çäginde Madrid klubunyň oýunçylarynyň gatnaşmagynda gysgaça mahabat wideosy düşüriler. Oňa Antuan Grizmann, Hose Mariýa Himenes, Ademola Lukman, Aleksandr Sýorlot we Koke gatnaşar.

14-nji martda La Liganyň 28-nji tapgyrynyň «Hetafe» bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda «Atletikonyň» futbolçylary «Metropolitano» stadionynyň meýdançasyna «Kesgir gaşlar» serialynyň gahrymanlarynyň stilinde geýnen adamlaryň ýany bilen çykar. Olar simwolik taýdan «oýunçylaryň howpsuzlygyny üpjün eder».

Mahabat kampaniýasyna stadionyň özi hem çekiler. Ol ýerde 1930-njy ýyllardaky Birmingemiň stilinde bezegler: «Garrison Tavern» bary we şol döwrüň dellekhanasy peýda bolar. Serialyň gahrymanlarynyňka meňzeş papakly aktýorlar janköýerlere gazetleri we beretleri paýlar.

Film 20-nji martda Netflix platformasynda çykar. Ylalaşygyň maliýe tarapy barada maglumat berilmeýär.


şu gün 10:41
298

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
3.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.7k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....