«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» filmi tankytçylardan ýokary baha aldy

  • 08.03.2026 12:36
  • 2.8k+

Internetde «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» (Острые козырьки: Бессмертный человек) filmi barada ilkinji synlar peýda boldy. Filmiň Netflix platformasyndaky premýerasy 20-nji marta meýilleşdirilýär.

Tankytçylar meşhur serialyň dowamy bolan doly metražly filme, umuman, oňyn baha berdi. Rotten Tomatoes saýtynda filmiň reýtingi 92 göterime deň boldy. Metacritic saýtynda bolsa bahalar biraz pesräk — 100 baldan 61 bal boldy.

Synçylar taryhy wakalaryň gerimini, dartgynly ýagdaýy we sýužetiň drama ugruny aýratyn belleýär. Olaryň pikirine görä, film diňe bir serialyň muşdaklaryny däl, eýsem has giň tomaşaçylar köpçüligini hem gyzyklandyryp biler.

Filmdäki wakalar Ikinji jahan urşy döwründe bolup geçýär. Killian Mýorfi tarapyndan ýerine ýetirilen gangster Tomas Şelbi bombalamalaryň netijesinde weýran bolan Birmingeme dolanyp gelýär. Tomas ol ýerde Barri Keoganyň ýerine ýetirmeginde ogly Dýuk bilen ýene-de duşuşýar.

Filme Rebekka Fergýuson, Tim Rot we Stiwen Grem ýaly aktýorlar hem gatnaşdy. Filmiň režissýory Tom Harper, ssenariniň awtory bolsa asyl serialy döreden hünärmendir.


düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....