Jim Kerri kino sungatyna goşan goşandy üçin «Sezar» hormat baýragyna mynasyp boldy

  • 28.02.2026 14:13
  • 4.2k+

Amerikaly aktýor we komik Jim Kerri karýerasynda gazanan üstünlikleri üçin Fransiýanyň «Sezar» hormat kinobaýragy bilen sylaglandy. Sylag gowşurylyş dabarasy Parižde geçirildi.
Baýragy aktýora «Arassa aňyň baky şuglasy» (Вечное сияние чистого разума) filminiň režissýory Mişel Gondri gowşurdy. Kerri baýragy kabul edip, goýlan hormat üçin minnetdarlyk bildirdi we maşgalasynyň fransuz kökleri barada gürrüň berdi.

«Takmynan, üç ýüz ýyl ozal meniň garry atamyň garry atasynyň garry atasy Mark Fransua Kerri Fransiýanyň Sen-Malo şäherinden Kanadada göçüp gidipdir. [...] Ähtimal, bu meniň maşgalamyň gözlän zadydyr... Eger-de şowlulygyň size gülmegini isleseňiz, ilki bilen siz oňa gülüp bakyň. Bu örän kyn, ýöne biz synanyşmalydyrys. Men bu ýatlamany elmydama gadyrlaryn. Men oňa hemişe gülüp serederin. Meniň durmuşym — jennet» – diýip, Kerri fransuz dilinde çykyş etdi.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....