«The Big Bang Theory» serialynyň ýyldyzy özüni tanatman, ýat adamlaryň saglyk çykdajysyny töleýär

  • 21.02.2026 13:15
  • 3.8k+

«Uly partlama teoriýasy («The Big Bang Theory») sitkomyndaky Raj Kutrappaliniň keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan aktýor Kunal Naýýar gijelerine GoFundMe platformasyna girip, özüni tanatmazdan, düýbünden ýat adamlaryň lukmançylyk çykdajylaryny töleýändigini boýun aldy. Aktýor bu işi özüniň «ýaşyryn borjy» hasaplaýar.

Naýýaryň baýlygy takmynan 45 million dollar möçberine barabar. Ol bu serişdeleriň aglaba bölegini serial arkaly gazandy. Soňky möwsümlerde onuň her bölüm üçin alýan haky 1 million dollara çenli ýetdi.
Aktýoryň aýtmagyna görä, pul onuň ruhuny gysmandyr ýa-da içki gapma-garşylyk döretmändir. Tersine, maddy erkinlik oňa hemmelere ýetdirmeýän – kömege mätäç adamlara ýardam etmek mümkinçiligini berýär.

Britaniýanyň iPaper neşirine beren interwýusynda Naýýar köplenç gyssagly haýyr-sahawat işleriniň arasyndan galapyn lukmançylyk çykdajylary bilen bagly kömegi saýlaýandygyny gürrüň berdi. Çünki şeýle ýardamyň esasynda, ujypsyzja mukdardaky pul bilenem, aý däl, hatda güni sanamaga mejbur edýän ýagdaýlary-da gowulyga tarap üýtgedip bolýar.


24.02.2026 19:37
16k+

Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär...

27.06.2026 20:17
6.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....