Osaka şäherinde näbelli bir adam suw üpjünçiligini oňartmak üçin 21 kg altyny haýyr-sahawatyna berdi

  • 24.02.2026 19:37
  • 16k+

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde adynyň aýdylmagyny islemedik sahawatly bir adam şäheriň suw üpjünçilik ulgamyny täzeletmek üçin 21 kilogram altyn böleklerini peşgeş berdi. Osakanyň häkimi Hideýuki Ýokoýamanyň gürrüň bermegine görä, altynlar şäheriň suw üpjünçilik müdiriýetine tabşyryldy we olaryň satuwyndan geljek serişdeleri könelen suw turbalaryny bejermek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

Häkim tabşyrylan altyn bölekleriniň bahasynyň takmynan 560 million iýena (3,6 million dollar töweregi) barabardygyny aýdýar. Haýyr-sahawatçy kişi öz adynyň gizlin galmagyny isläpdir we şäher häkimligi hem onuň bu haýyşyny berjaý edýär.
«Bu örän ähmiýetli we uly mukdardaky serişde. Suw turbalaryny bejermek ägirt köp serişdeleri talap edýär, şonuň üçin hem bu jomart adama minnetdarlygymy aýtmaga söz tapmaýaryn»  diýip, şäher häkimi begenjini mälim etdi.
Resmileriň aýtmagyna görä, bu peşgeş geçen ýylyň noýabr aýynda gelip gowuşypdyr. Edil şu sahawatçy mundan bir aý öň hem suw ulgamynyň zerurlyklary üçin 3 300 dollar töweregi pul geçiripdir.
Ýaponiýanyň suw üpjünçilik infrastrukturasy esasan uruşdan soňky ykdysady ösüş döwründe gurlupdy. 3 milliona golaý ilaty bolan Osakada ulgamlaryň bir böleginiň has ir gurlanlygy sebäpli, könelme derejesi beýleki şäherleriňkiden has ýokarydyr. 2025-nji ýyla çenli şäherde suw geçirijileriniň 92 böleginde näsazlyk hasaba alyndy, 266 kilometr turba bolsa gyssagly çalşylmaga mätäç ýagdaýdadyr.


24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

08.06.2026 13:01
9.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.7k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......