Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» atly täze filminiň çykyşy ýene-de yza süýşürildi

  • 05.03.2026 15:05
  • 2.4k+

Režissýor Gaý Riçiniň «Kanundan daşary» («Вне закона») atly täze filminiň ekrana çykmaly wagty ýene-de bir gezek yza süýşürildi. Indi filmiň premýerasy aprel aýynda bolman, iýun aýyna meýilleşdirildi. Aslynda bu filmiň surata düşüriliş işleri eýýäm 2023-nji ýylda tamamlanypdy.

Taslamada Jeýk Jillenhol, Genri Kawill, Eýsa Gonsales we Rozamund Paýk ýaly Golliwudyň meşhur ýyldyzlary surata düşdüler. ABŞ-da filmiň prokaty bilen Black Bear kompaniýasy meşgullanýar. Myş-myşlara görä, filmiň käbir sahnasynyň täzeden surata düşürilmeginiň zerurlygy premýeranyň gijikdirilmegine sebäp bolan bolmagy ähtimal. Filmiň sýužetine görä, iki sany ýörite agent howply ýagdaýa düşen gepleşikçini halas etmeli bolýarlar. Bu film 2023-nji ýylyň tomsunda, Aktýorlar we ssenariçiler gildiýasynyň iş taşlaýyşlary dowam edýän wagtynda surata düşürilipdi.

Mundan ozal filmiň 2025-nji ýylyň ýanwarynda çykmagy göz öňünde tutulypdy, emma Lionsgate kompaniýasy prokatdan ýüz öwrenden soň meýilnamalar üýtgedildi. Režissýor Gaý Riçi bu ýyl «Ýaş Şerlok» serialyny, «Jentlmenler» serialynyň ikinji möwsümini we «Aýaly we iti» atly doly göwrümli trilleri hem köpçülige hödürlemäge taýýarlanýar.


düýn 23:54
1k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....