Mads Mikkelsen Skorsezeniň täze filminde Di Kaprio we Lourens bilen bilelikde surata düşer

  • 21.02.2026 09:56
  • 1.6k+

Dünýä belli aktýor Mads Mikkelsen režissýor Martin Skorsezeniň "Gije bolup geçýän zatlar" (Что происходит ночью) atly täze taslamasynyň ýyldyzlar düzümine goşuldy. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio we Jennifer Lourens janlandyrýar.

Film ýazyjy Piter Kameronyň adybir romanyna esaslanýar. Wakalar Ýewropanyň gar basan şäherine ogullyga çaga almak üçin gelen är-aýalyň töwereginde bolup geçýär. Gahrymanlaryň ýoly geň we syrly ynsanlaryň mekan tutan täsin myhmanhanasyna düşýär. Wagtyň geçmegi bilen, olar hakykat bilen gatnaşygy ýitirip, öz durmuşlaryna hem şübheli garap başlaýarlar.
Mads Mikkelsen filmde Emmanueliň doganynyň keşbini janlandyrar.
Patrisiýa Klarkson hem taslamanyň düzümine goşuldy. Bellemeli zat, Klarkson mundan ozal hem Martin Skorseze we Leonardo Di Kaprio bilen birlikde "Näletsiňenleriň adasy" (Остров проклятых) atly meşhur trillerde işleşipdi.
Martin Skorseze bu taslamada diňe bir režissýor däl, eýsem prodýuser hökmünde hem çykyş edýär. Filmiň ssenarisini bolsa meşhur ssenariýaçy Patrik Marber ýazdy.
"Deadline" neşiriniň habar bermegine görä, bu film Skorsezeniň iň garaşylýan we özboluşly taslamalarynyň biri bolar diýlip çaklanylýar.


11.06.2026 23:54
1.3k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....