Swarovski «Şregiň» 25 ýyllygy mynasybetli multfilm gahrymanlarynyň heýkeljiklerini çykardy

  • 07.03.2026 16:20
  • 2.4k+

Swarovski brendi «Şrek» franşizasynyň birinji multfilminiň çykmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli özüniň kristallaryndan ýasalan heýkeljikler toplumyny hödürledi. Taslama Universal kinostudiýasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

Topluma bäş sany gahryman girdi: Şrek, şa gyzy Fiona, Eşek, Ädikli Pişik we Köke Adamjyk.

Şregiň heýkeljigi onuň adaty eşiginde — tunikada, žiletde, balakda we ädikde ýasaldy. Ol 551 sany kristal gyraňyndan ybarat bolup, boýy 13 santimetre ýetýär.

«Öz interýeriňize batgalygyň bir bölegini goşuň ýa-da bu heýkeljigi başdan geçirmeleri we hyýaly dünýäni söýýän Şrek janköýerine sowgat ediň» – diýlip, önümiň beýanynda aýdylýar.

Şregiň heýkeljigi toplumyň iň uly we iň gymmat heýkel boldy — onuň bahasy 750 dollara deňdir.

Fionanyň heýkeljigi — 600 dollar.

Eşek — 380 dollar.

Ädikli Pişigiň heýkeljigi — 330 dollar.

Köke Adamjyk — 189 dollar.

Internetde bu täzelikler dürli seslenmelere sebäp boldy. Reddit ulanyjylarynyň käbiri ýokary bahany tankytlasa, beýlekileri heýkeljikleri peýdasyz diýip atlandyrdy.

«Men “adamlar beýle zatlara şunça pul sarp etmeli däl” diýen pikir bilen “eger pulum bolsa, muny satyn alardym” diýen pikirleriň arasynda ikirjiňlenýärin» diýip, ulanyjylaryň biri ýazdy.

Bu Swarovski we Universal kompaniýalarynyň ilkinji hyzmatdaşlygy däldir. Mundan ozal olar «Ýigrenji men» (Гадкий я) multfilminiň minýonlaryny we «Zalym» (Злая) film seriýasynyň gahrymanlarynyň heýkeljiklerini hödürläpdi.


şu gün 12:24
848

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
1.1k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....